MAKALA

Kitap – genji-hazyna

Kitap bilim we ylym dürdänelerinden doly genji-hazynadyr. Medeniýetli dynç almagyň hem-de bilimiňi artdyrmagyň bir görnüşi kitap okamakdyr. Pikir tolkunlarynyň arasynda kitap sahypalaryndaky okan jümleleriňi ýüzdürmek, pikir eleginden geçirmek kämilleşmegiňe, taplanmagyňa itergi berýär. Paýhas hazynasy bolan kitap gatlaryny agtaryp, durmuşda gabat gelýän islendik sowallaryň kanagatlanarly jogaplaryny tapmak bolýar. Ynsan kalplaryny gözelleşdirýän, çuňňur manyly, baý mazmunly kitaplary özünde jemleýän kitaphanalar hakynda söhbet açmak has-da gyzykly bolsa gerek.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmek, 6 milliondan gowrak neşir önümlerini aýawly saklamak üçin şertleriň hemmesi döredilendir. Ýurdumyzyň ähli kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň kitap gaznasynyň sany 5 million 6 ýüz müňden gowrakdyr. Häzirki wagta çenli kitaphananyň okyjy gatnaşygynyň sany bolsa 132 müňden geçdi. Bu ýere gelýän kitapsöýüjiler özlerini gyzyklandyrýan dürli edebiýatlary okamaga, öwrenmäge döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.

Ahal welaýat kitaphanasynyň döredilmegi bu sebitiň kitaphanalarynyň guramaçylyk, usuly işlerini ýokarlandyrmaga giň ýol açdy. Kitaphana 2015-nji ýylda ýörite gurlan täze bina, ýagny Änew şäheriniň Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet merkeziniň edara binasyna göçürildi. 19500-den gowrak kitap hazynasy bolan bu kitaphanada 8 sany ýöriteleşdirilen bölümler bar. Kitaphananyň okyjylarynyň gatnaşyk sany her aýda 4 müňden geçýär. Bir ýylda bolsa onuň sany 51700 töweregi bolýar.

Balkan welaýat kitaphanasynyň 72500-den gowrak baý kitap gory bar. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak, bir wagtda kitap muşdaklarynyň 360-syna hyzmat etmek mümkinçilikleri döredilendir. Döwrüň ähli talaplaryna kybap gelýän bu kitaphanada 70 orunlyk 4 sany umumy okalga zallary, 30 orunlyk enjamlaşdyrylan kompýuter zaly, golasty hazyna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler, 40 orunlyk internet otagy ýerleşdirilen. Birnäçe gatdan ybarat kitaphananyň 6-njy gatynda açylyp-ýapylýan gümmezli, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy ýerleşýär. Kitaphananyň okyjylarynyň gatnaşyk sany her aýda 6 müňden, bir ýylda 78 müňden geçýär.  

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň 8 sany umumy okalga zallarynyň her biri 64 okyja hyzmat etmek üçin niýetlenilendir. Kitaphananyň 8 gatdan ybarat täze binasynda fotolaboratoriýa, elektron kitaplary okamak we elektron katalogyň üsti bilen gözleg işlerini geçirmek üçin häzirki zaman sensor enjamlary oturdylan. 7-nji gatda obserwatoriýa ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde 100 orunlyk mejlisler zaly, «Türkmen kitabynyň taryhy» atly muzeýi hem bar. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitap hazynasy 160300 neşir birliginden gowrak bolup, kitap muşdaklarynyň sany her aýda 10 müňden geçýär.

Lebap welaýat kitaphanasynda bir wagtda 450 okyja hyzmat etmek we 3 million neşir birligini saklamak üçin ähli amatlyklar döredilendir. Kitaphananyň häzirki wagtda kitaplarynyň sany 296 müňden gowrakdyr. Çagalar üçin niýetlenen oýun otagynda gurnalýan oýunlar bolsa körpejeleriň aň taýdan sagdyn, kämil ösmegine dünýägaraýşynyň giňelmegine ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagynda uly ähmiýete eýedir. Kitaphanada obserwatoriýa otagynyň hereket etmegi hem aýratyn bellärliklidir. Onuň kitaby aýrylmaz hemrasyna öwüren kitap muşdaklarynyň gatnaşyk sany her aýda 6 müňden geçýär, bir ýylda bolsa bu görkeziji 71 müň töweregi bolýar.

Mary welaýat kitaphanasynda 3 million neşir birligi ýerleşer ýaly uly gaznahana bar. Gündogar äheňinde, milli röwüşde bezelen aýratyn okalga zaly, 20 adamlyk internet otagy, 20 adamlyk çagalar otagy özüniň döwrebaplygy, kaşaňlygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Ylmy iş bilen meşgullanmak üçin bu kitaphananyň üçegi 26 metr beýiklikde bolup, açylyp-ýapylýan gümmezli, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy häzirki za­man kompýuter enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Şeýle-de bu kitaphanada Germaniýada öndürilen agramy 3,5 tonnalyk teleskop enjamy oturdylan otag bo­lup, asman giňişligini synlamak üçin ajaýyp şertler döredilendir.

Täzegül Kuljikowa,

«Nesil».

  • 79
  • 30.04.2019