MAKALA

Bilim – bagtyýarlyk nury

Hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi kämilleşdirmekden, milli bilim ulgamyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan başlandy.

Bilim pudagy boýunça orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup işe girizilýär, olaryň maddy-tehniki binýatlary döwrebaplaşdyrylýar, iň kämil kompýuter we okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz ähli gurulýan orta we ýokary okuw mekdepleriň häzirki zaman okadylyş serişdeleri bilen üpjünçiligini aýgytly talap edýär.

Häzirki döwürde milli bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler, bir tarapdan, täze okuw derslerini girizmek, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin şertleri döretmek, ösen tilsimat esasynda hil taýdan täze usullary özleşdirip ornaşdyrmak bolýan bolsa, ikinji tarapdan, öňden dowam edip gelýän okatmagyň adaty usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanmak bilen utgaşdyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli derejelerinde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Ýurdumyzda halkara derejede bilim berýän ýokary mekdepleriň sany artýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany barha artýar. Ýyl geldigiçe hünär ugurlary köpelýär. Bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin ýokary okuw mekdeplerinde okuw merkezleri, hünär kämilleşdiriş fakultetleri, dil merkezleri, sanly bilimiň portallary, multimedia tehnologiýalary we beýleki mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň berk binýatly Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýaňyl Atagulyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

  • 72
  • 02.05.2019