MAKALA

Kitap bezegi

Ilkinji kitaplar agaçlaryň gabyklaryna, ýapraklaryň, deri, daş we demir önümleriniň, matalaryň ýüzlerine şekillendirilipdir.

Halkyň döredijilik dünýäsinde nagyşlamak we tagmalamak, möhürlemek sungatynyň döremegine badalga beren kitap gymmatlyklary geçmişde golýazma, traktat, dessan, hamsa, daşbasma, diwan görnüşdäki nusgalarda ýaýrapdyr. Hatdatlar toýun palçygyndan edilen sahypa hat ýazyp, ony otda bişiripdirler. Emma bu usul oňaýly bolmandyr, sebäbi «Görogly» ýaly şadessany ýazmak üçin müňlerçe sahypa gerek bolupdyr.

Deriniň ýüzüne hat ýazmakdan soň, papiruslar ýüze çykypdyr. Has soňky döwürlerde kitap sungatynyň bir görnüşi — miniatýura sungaty döräpdir.

Miniatýura sungaty ir zamanlardan bäri kitap bezemekde Gündogarda uly meşhurlyga eýe bolup gelýär.

 XIV—XV asyrlarda Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleriniň döwründe «Töwriz mekdebi», «Türkmen suratkeşlik mekdebi» diýip at alan meşhur sungat mekdepleri bolupdyr. Bu çeperçilik mekdebinde ýerine ýetirijilik ussatlygy boýunça dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk eserler döredilýär. Sadyk beg Awşaryň «Surat çekmekligiň düzgünleri», «Duýgularyň jemi» kitaplary çeperçilik gymmaty bilen ýewropaly alymlaryň hem ünsüni özüne çekipdir.

Gündogar miniatýurasynda adamyň duýgulary onuň ýüz keşbinde kän bir aňladylmaýar. Miniatýurada adamyň keşbi arka tarapyndan şekillendirilmeýär. Şeýle bolansoň, bu görnüşde eser döredýän suratkeş miniatýuranyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, birnäçe wakalary kiçijik çarçuwa ýerleşdirmäge, reňkleri has owadan, özüne çekiji edip bermäge mümkinçilik tapýar. Gerek ýerinde şekilleriň inçe-ýogynlygyna, uzak we ýakyn aralyklara erkin çemeleşilýär.

Ahmet Rozyýew,

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

  • 92
  • 03.05.2019