MAKALA

Bagtyýar nesil — ýurdumyzyň geljegi

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar.

 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip nygtamagy, ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini şöhlelendirýär.

 «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary goralýar, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler döredilýär.

Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryny utgaşdyrýar.

 Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaş nesil hakynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edilip, herekete girizildi. Maksatnama ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagyna, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiligini ösdürmäge uly üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasaty ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu ylmy bäsleşigiň ýeňijileriniň höweslendirilmegi zehinli ýaşlary ylymda, bilimde we täze tehnologiýalarda tutumly işlere ruhlandyrýar.

Milli Liderimiz: «Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, yl­my açyş­lar, in­no­wa­sion tej­ri­be, yl­my-in­že­nerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir» diýip belleýär. Munuň özi ýaşlardan häzirki zaman dünýäsiniň umumy ösüşine düýpli täsir edýän örän möhüm ugurlar boýunça netijeli ylmy barlaglary alyp barmagy talap edýär.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýetiň kemala getirilmegine, ýaş nesliň berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli terbiýelenip ýetişdirilmegi we olaryň ukyplarynyň ýüze çykarylmagy babatda ähli şertler döredilýär.

 

Eziz Gurbanmämmedow,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

  • 85
  • 04.05.2019