MAKALA

Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabyndan parçalar

Kim gözlese we tagalla etse tapar.

* * *

 Kimiň edebi akylyndan ýokary bolsa, göýä köp goýny bolan çopan ýalydyr.

* * *

Her bir kişiniň bahasy onuň eden ýagşylygyna görädir.

* * *

Kitap bossanlykdyr, hat onuň nerkes gülleridir.

* * *

Sözde ýalňyşmak ýüpek eşikdäki ýyrtykdan hem erbetdir.

* * *

Edep akylyň suratydyr, isledigiňçe akylyň suratyny owadanlaşdyr.

* * *

Näme öwrenseň, galam bilen ýazyp alyp berkleşdir. Gündelik dersleriňe arkaýyn bolma.

* * *

Ene-ata öz çagasyna ýagşy edepden oňat başga hiç zat sowgat berip bilmez.

* * *

Kim edepliniň ýanynda otursa, edebi oýanar.

* * *

 Edepli bolsaň, dymmagy bil, ol iň uly edepdir.

* * *

Her zadyň zynaty bardyr, akylyň zynaty edepdir.

* * *

Edep bir nahaldyr. Eger onuň ygaly ýeterlik, howasy gowy we suwy bol bolmasa, ýaprak çykmaz.

Dawut Amanow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

  • 43
  • 04.05.2019