MAKALA

Harbylaryň we söweş robotlarynyň türgenleşigi

Robot tehnikalarynyň ösüşi iru-giç goşunyň ýaragly güýçlerinde söweş robotlarynyň peýda bolmagyna getirer. Ýöne beýle diýildigi, goşunda adaty bolan uçarmansyz uçuş enjamlarynyň ulanylmagy däldir. Britaniýanyň goşuny Autonomous Warrior türgenleşiginiň çäklerinde Solsber öwreniş meýdanynda harbylaryň we ýörite söweş robotlarynyň bilelikdäki dürli görnüşli söweş türgenleşigini geçirdi.

Beýik Britaniýanyň Goranmak Ministrliginiň bellemegine görä, Autonomous Warrior türgenleşiginiň esasy maksady diňe bir robotlaryň biri-biri bilen aragatnaşygyny barlamak bolup durman, eýsem, robot tehnikalaryny Britaniýanyň goşunyna birikdirmek bolup durýar.

Türgenleşik özüne gözegçilik, daş we ýakyn aralykdan nyşana almak, ýokary çalasynlylyk, söweş toparynyň üpjünçiligi we şäher şertlerinde söweş hereketleriniň alnyp barylmagy ýaly türgenleşikleri öz içine aldy.

Şonuň bilen birlikde bu türgenleşigiň aýratyn maksatlarynyň biri, robotlary iň soňky halatlarda, ýagny olar zerur bolan ýagdaýynda söweş meýdanynyň howply nokatlarynda ulanylmaklyk bolup durýar. Tehnikalaryň esasy bölegi goşunyň 1-nji bronetank pyýada goşunynyň toparynda barlanyldy. Mundan başga-da, türgenleşige 200-den gowrak halkara synçylary we harby guramalar hem-de ABŞ-nyň goşunynyň wekilleri, Britaniýanyň deňiz güýçleri we goranmak maksatly ylmy-tehniki labaratoriýanyň bilermenleri gatnaşdylar. Türgenleşigiň guramaçylygyna umuman alanyňda 800 million funt sterlingden gowrak pul möçberindäki maliýe serişdeleri sarp edildi.  

Bu türgenleşigiň çäklerinde Britaniýanyň goşuny 70-den gowrak dürli harby awtonom tehnikalaryny, ýagny howa we ýer maksatly robot tehnikalaryny barlagdan geçirdiler.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 42
  • 04.05.2019