MAKALA

Uçarda Wi-Fi nädip işleýär?

Häzirki wagtda ähli ýerde diýen ýaly internetden peýdalanyp bolýar. Jemgyýetçilik ýerleriniň köpüsi geçirijisiz internet bilen üpjün edilen. Kitap, žurnal ýa-da gazet okamak üçin hem internet baglanyşygy bolan kompýuter ýa-da mobil enjamyň bolmagy ýeterlik. Hatda Ýerden birnäçe kilometr beýiklikde uçarda barýarkaň hem internet ulanyp bolýar. Ýerde ulanylýan internet antennalar arkaly paýlanyp, onuň belli bir hyzmat ediş çägi bar. Eýsem, howa gämisine interneti nädip birikdirýärler.

Öýlerde we iş ýerlerinde geçirijisiz interneti (Wi-Fi) paýlaýan enjam ulgama kabel bilen gönüden-göni bagly bolýar. Uçarda beýle mümkinçilik bolmansoň, internet hyzmatyny üpjün ediji (ISS) ýörite enjam oturdylýar. Bu enjam Ýerdäki özüne iň ýakyn beketden radio tolkunlary arkaly baglanyşygy ýola goýýar. Ummanlaryň üstünden geçilende bolsa, uçar ýokarysyna ýerleşdirilen gümmez görnüşli ýörite enjam arkaly emeli hemralara birigýär. Bu internetiň tizligi o diýen ýokary bolmasa-da, filmlere tomaşa etmek we jemgyýetçilik torlaryna girmek üçin ýeterlikdir. Başga bir mikrotolkun diapazon arkaly has ýokary tizlikli internetden hem peýdalanyp bolýar. Aragatnaşygyň bu görnüşi uçarlar üçin iň ýokary tizlikli (sekuntda ortaça 70-80 megabit) Wi-Fi hyzmatyny hödürleýär. «JetBlue», «Virgin Amerika», «Emirates» ýaly birnäçe awiakompaniýa öz müşderilerine bu hyzmaty goşmaça hödürleýär.

Uçarda internet hyzmatyny üpjün edýän ýörite enjamyň belli bir agyrlygy bolup, ol howa gämisiniň has köp ýangyç sarp etmegine sebäp bolýar. Häzirki wagtda bu enjamyň agramynyň ýeňil bolmagy we ýokary tizlikli interneti üpjün etmek üçin inženerler iş alyp barýarlar.

 

Zaman Türkmenistan.

  • 90
  • 06.05.2019