MAKALA

Bilim — ösüşleriň badalgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, döwletimiz has belent sepgitleri nazarlap ösýär we durmuşymyzyň beýleki ähli ugurlaryndaky ýaly, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hem ýaş nesliň bilim-terbiýeçilik işiniň ýokarlandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha uly goldawa eýe bolmagyna gönükdirilýär.

 Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda bilim ulgamyny ösdürmegiň jemgyýetçilik ähmiýetine ünsi çekmek bilen, biziň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyz bu taryhy çykyşynda: «Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär» diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlaryndan badalga alýan döwlet bilim strategiýasy dünýäniň döwletleriniň ösen tejribelerine, innowasiýa tehnologiýalaryna, bilim ulgamynda täzelikleri ornaşdyrmagyň döwrebap usullaryna we halk mugallymçylygynyň milli ýörelgelerine daýanýar. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň we beýleki okatmaga degişli bolan serişdeleriň ýylyň-ýylyna kämilleşdirilmegi dowam etdirilip, mazmunyna ýaş nesliň döwrebap kemala gelmeginiň we eziz Watanymyza, mähriban topragymyza wepaly ýaşlar edip ýetişdirmegiň döwlet aladasy siňdirilendir. Bu bolsa bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, bilimiň mazmuny çuňlaşdyrylýar, onuň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine aýratyn üns berilýär. Ösüşiň täze basgançaklaryna gönükdirilen bilim maksatnamalaryna laýyk getirilýän täze tehnologiýalaryň gazananlaryny ýaş nesliň özleşdirip bilmekleri, oňa düşünmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleri anyk mysallar arkaly agzap bolar. Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalarynyň, multimedia enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň we olaryň işledilişiniň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi goldanylýar. Umumy bilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy taýdan enjamlaşdyrylyşyny pugtalandyrmak, olaryň pedagogik işiniň guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjünçiligini döwrebap kämilleşdirmek, dürli okuw we usulyýet edebiýatlarynyň neşir edilişini çaltlandyrmak, olaryň ýokary hilini üpjün etmek gazanylýar. Bilim edaralarynda häzirki zaman tehnologiýalary, kompýuterler, beýleki multimedia serişdeleri, öňdebaryjy iş tejribeleri bilen tanyşmak we olary bilim berlişiniň tejribesine ornaşdyrmak barha giň gerime eýe bolýar. Elektron kitaphanalar ulgamyny döretmek, olar arkaly dünýäniň ösen döwletleriniň kitaphana ulgamlaryna ýokary tizlikli aralaşmagyň netijeli usullary öwrenilýär. Öňdebaryjy usulyýetçi mugallymlaryň tagallalary bilen, elektron göterijidäki sanly bilimiň maglumatlar goruny döretmek işi kämilleşýär. Sanly bilime geçmek doly tamamlanan ýagdaýynda, bilim berlişiniň täze, has kämil basgançaga çykarylmagynyň mümkinçiliginiň ýokarydygyna uly ynam bildirilýär.

Döwrebap bilim işiniň amala aşyrylmagynda mugallymyň wezipe-borçlarynyň ýerine ýetirilmegi aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu barada: «Döwrebap bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň hünär ussatlyklary, öňdebaryjy iş usullary bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyk pikirlenýän zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýe­te eýe­dir» di­ýip bel­le­ýär. Mu­gal­ly­myň hünär ussatlygy, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegi onuň amaly işiniň netijesinde mümkin bolýar. Bilim ulgamyndaky tomusky dynç alyş möwsümi bolsa, mugallym üçin täze usulyýetleri öwrenmegiň, bu ugurda öwrenilenleri baýlaşdyrmagyň we berkitmegiň aýratyn döwrüdir. Bu döwürde ussat mugallymyň dynç alşy onuň usuly başarnyklaryny ösdürmegi, öz üstünde üznüksiz işlemegi dowam etdirmegi bilen özboluşly utgaşýar.

Bilim geljekki ösüşlere badalgadyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň diňe bir şu güni däl, eýsem ertiri üçin hem uly tagallalary edýär.

Diýarymyzyň barha belentlikleri nazarlaýan we ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilim özgertmeleriniň geljekki müňýyllyklara tarap uzap gitjek aýgytly ädimlerinde beýik üstünlikleri gazanmagy ýaş nesliň çuňňur bilimliligine, geljege bolan ynamyna, okamaga, zähmet çekmäge bolan höwesine köp derejede baglydyr. Bu gün yhlasly bilim alýan ýaşlar geljekki aýdyň ertirlerimiziň eýeleridir.

Ýaş nesli şeýle belent maksatlara atarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jahan Halmyradowa,

Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

  • 21
  • 08.05.2019