MAKALA

Serhetçi talybyň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda gatnaşyjylar döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşik aýratyn zehinlileri ýüze çykardy. Oňa gatnaşanlar bäsleşigiň şertleri boýunça saýlap alan hünäriňi ýürek buýsanjyň bilen taryplamak, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly bilen bagly çeper çykyşlary ýerine ýetirmek, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ajaýyp eserlerinden çeper okaýyşlary, aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, gyzykly degişme sahna oýunlaryny janlandyrmak ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşige Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Aky Akyýew hem gatnaşyp, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Biz hem serhetçi talyby bu gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Üstünligiň gutly bolsun, serhetçi gerçek!

 

Garahanjar Baýhanow.

  • 89
  • 08.05.2019