MAKALA

Iki medalyň eýesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz indi iri sport ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň aýdyň miwesidir.

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasy tarapyndan suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çempionata Türkmenistanyň Döwlet serhet gullygynyň serhetçi türgeni Morginştern Wladislow hem gatnaşdy. Serhetçi türgenimiz 50 metr aralyga ýüzmekde üçünji orna, toparlaýyn estafeta görnüşinden ikinji orna mynasyp bolup, bir kümüş, bir bürünç eýe boldy. Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynda türgenleşýän serhetçi türgenimiz ýaryşda türgenleşiklerinde öwrenen tilsimlerini, ukyp-başarnygyny görkezdi. Bu üstünligi türgenimizi geljekde has uly ýaryşlarda ýeňiji bolmaga ruhlandyrdy.

Baýraklaryň höwri köp bolsun, serhetçi türgen!

 

Akmyrat Amangeldiýew.

  • 33
  • 08.05.2019