MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýokdur.

* * *

Ylymda, bilimde adamzadyň uzak geçmişi, şu güni hem-de nurana geljegi jemlenendir.

* * *

Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýyş-durmuşyny akyl, düşünje hem-de ylym esasynda guran türkmen halky beýik akyldar-alymlary, ylmy mirasy bilen beýgelip, şöhratlanyp gelendir.

* * *

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygy geljekki ösüşlerimiziň kepilidir.

* * *

Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksadydyr.

* * *

 Okamak, öwrenmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak talyp ýaşlaryň baş maksady bolmalydyr.

* * *

Ylmyň, täze tehnologiýalaryň, adamzat aňynyň güýçli ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze we oňyn görnüşlere eýe bolýan zamanasy bolan üçünji müňýyllykda mugallymçylyk iň abraýly, iň hormatly kärleriň biridir.

* * *

Adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde asylly zähmet çekýän mugallymlaryň we bilim işgärleriniň uly paýynyň bardygy örän guwançlydyr.

* * *

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan özgertmelerimiz halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamydyr, aýdyň maksadydyr.

* * *

 Şöhraty gün-günden arşa göterilýän türkmen Diýaryny ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde döwletiň esasy sütünleriniň biri bolan ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlarymyzyň biridir.

* * *

Eşretli hem bagtyýar durmuşyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr.

* * *

Türkmenistanyň milli ylym we bilim ulgamy dünýäniň ylym we bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösýän, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda paýhasyna ýugrulan aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgä eýedir.

* * *

 Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir.

* * *

 Gadymy siwilizasiýalaryň döremeginde, sebitara medeni-ylmy gatnaşyklaryň kemala gelmeginde özüniň gadymy ekerançylyk ojaklary, medeni-ylmy merkezleri bilen şöhratlanan Türkmenistanyň orny örän uludyr.

* * *

Öňde goýlan maksatlara ýetmekde bilim we ylym edaralarynyň, mugallymlaryň we alymlaryň halkara guramalary, institutlary bilen hyzmatdaşlygynyň ornuna wajyp ähmiýet berilmelidir.

* * *

 Türkmen halkynyň eşretli hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde milli bilimiň we ylmyň durnukly ösüşiniň möhüm ähmiýeti bardyr.

* * *

 Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamlarynyň dünýä ulgamlary bilen sazlaşykly we utgaşykly ösdürilmegi esasy wezipeleriň biridir.

* * *

Ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugry döwletiň netijeli dolandyryş ulgamyny we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini, täze innowasion tehnologiýalaryň önümçilik pudaklaryna ornaşdyrylmagyny üpjün edip biljek we ylmyň ösüşine ýardam berjek, dünýä iş bazarynda bäsleşige ukyply ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

* * *

Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamlary her bir raýatyň bagtyýar geljegi üçin, bilimini bütin ömrüniň dowamynda yzygiderli artdyrmaga, hünär derejesini we ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

* * *

Ýokary hilli bilim, döredijilikli zähmet, peýdaly ylmy netijeler we oýlap tapyşlar, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyna goşant goşmalydyr.

* * *

 Alternatiw energetikanyň mümkin­çi­lik­le­ri — Gü­nüň, ýe­liň, su­wuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazlaryň we beýleki tebigy çeşmeleriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen täze, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamak ylmyň möhüm wezipeleridir.

* * *

 Hun, Kaňly, Eftaly, Garlyk, Garahanly, Gaznaly ýaly onlarça döwletleriň düzümine giren gündogar Türkmenistanyň mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri bu gün ylym dünýäsinde, alymlarda, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

  • 128
  • 09.05.2019