MAKALA

Gahrymanlar — görelde mekdebi

Serhetçiler Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirdiler

 

Adamzadyň ykbalynda ýatdan çykmajak yz galdyran 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişden bäri 74 ýyl geçipdir. Är ömrüne basalyk wagt ýalynly ýyllaryň yzyny sozmandyr. Gaýta, Watan, ene toprak, halk üçin gara başyny orta goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny edebileşdiripdir. Olaryň nusgalyk göreldesini belende göterip, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, mertlik, edermenlik ýaly duýgy-düşünjeleriniň berkemegine ýardam beripdir. Elbetde, bu harby gullukçylar babatynda hem şeýle uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýyl Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini, wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak, olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem bu çäre giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary derejede geçirildi. Şol bir wagtyň özünde pederleriň görkezen gahrymançylyklaryny hatyralap, olaryň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumlaryna gül desseleri goýuldy. Ähli ýerlerde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde hem Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen çärelere nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolan uruş weteranlarymyz, tylda ýar ojagyny saklan enelerimiz gatnaşdylar.

Beýik Watançylyk urşunyň agyr synaglaryny başdan geçiren uruş weteranlarymyzyň serhetçileriň arasyna gelip, olar bilen duşuşmaklary, özara gürrüňdeş bolmaklary her bir harby gullukçyda ýakymly täsir galdyrdy. Bu dabaranyň barşynda uruş weteranlary serhetçilere watansöýüjilik, edermenlik, ýowuz uruş hakynda täsirli gürrüňleri berip, berkarar ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatlygynyň çäksiz gymmatlykdygyny nygtadylar. Olar hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýagty ertirleriniň aýdyň kepilidigini uly buýsanç bilen bellediler we çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Serhetçilere bolsa, mukaddes serhedimiziň goragyny üpjün etmekdäki jogapkärli gulluklarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Dabaralaryň çäklerinde watansöýüjilik ruhly aýdymlaryň, diwar synlamasyny taýýarlamak bäsleşikleriň, asudalygyň, parahatlygyň, gaýduwsyzlygyň tarypyny ýetirýän joşgunly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegi şahsy düzümiň milli ruhda terbiýelenmegine, olaryň gaýratlylyk, merdemlik, edermenlik duýgularynyň ýokary göterilmegine itergi berdi. Şeýle hem dabaralaryň dowamynda serhetçiler uruş weteranlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuwlap, Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar, gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda biziň şu günki berkarar döwletimiz üçin şirin janyny gurban eden eždatlarymyzy hatyralamak üçin abyrsyz işler durmuşa geçirilýär. Olara «Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary» diýen hormatly adyň dakylmagy, mertebeleriniň sarpalanmagy halkymyzda çäksiz buýsanç döretdi. Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hormatyna «Hatyra», ýeňiş bilen dolananlaryň hormatyna bolsa, «Şöhrat» atly nusgalyk göreldäni edebileşdirmek maksady bilen kitaplar neşir edildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda gahrymanlaryň hormatyna «Milletiň ogullary» ýadygärligi bina edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň şu günki ýeten belent sepgitleri üçin gaýduwsyz göreşen ata-babalarymyzyň hormat-sarpasynyň bagtyýar zamanamyzda uly orny eýeleýändigi görkezýär.

«Biz toýa barýarys», «Ýeňiş biziň bilendir» diýen jümleleri aýdyp, maşgalasyny galdyryp, jeň meýdanyna giden türkmeniň merdana ogullary taryhyň sahypalarynda baky orun alyp, nusgalyk görelde mekdebini döretdiler. Şeýle nusgalyk görelde mekdebi döretmäge gatnaşan gerçekleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň atasy mugallym, esger, il halar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem bolmagy ählimiz üçin buýsançlydyr. Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Ýeňşiň dabaralanmagy üçin goşan goşandy, gahrymançylykly ýoly her bir türkmen üçin nusgalyk ýörelgedir, görelde mekdebidir.

Hawa, ýyllar geçer, ýöne türkmeniň edermen, merdana ogullary hakyndaky ýatlamalar, ajaýyp kyssalar özüniň şirinligini artdyrar, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk duýgy-düşünjeleri bilen terbiýelär. Bu bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň dabaralanmasyna öwrülip, türkmeniň taryhyny has-da şöhratlandyrar. Şeýle nusgalyk mekdebi kemala getirip, pederlerimizi hatyralamaga, olaryň hormat-sarpasyny belende götermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Garahanjar Baýhanow.

  • 39
  • 09.05.2019