MAKALA

Asylly ýörelgä eýerip

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, welosiped sporty ýurdumyzda hasda giň meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanda halkara ýaryşlaryny geçirmek, ussat türgenleri taýýarlamak, şol sanda ähli ölçegler boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly düzümi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi düzüminde ajaýyp welotrek girýän döwrebap sport desgalarynyň iri toplumy munuň aýdyň mysalydyr.

Häzir ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy has-da artýar. Türkmenistanyň bu ugurda ýaýbaňlandyran giň gerimli işleri dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasy munuň aýdyň beýanydyr. 2021-ni ýylda ýurdumyzda welotrekde Welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygynyň iň ähmiýetli we möhüm ugry bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ol ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ägirt uly goşant goşýar. Türgenler öz ussatlyklary we başarnyklary bilen guralýan bäsleşiklerde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerini tassyk edýärler. Bu bolsa işjeň döredijilikli durmuş ulgamynyň döredilmeginde, beýleki halklara bolan dostluk we hormat goýmak gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde nusgalyk göreldä eýedir.

Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

 Hormatly Prezidentimiz sportuň beden saglygynyň möhüm şertidigini yzygiderli nygtaýar. Mähriban Arkadagymyz türgenleşiklere, ylgamaga, welosiped sürmäge wagt tapýar hem-de sport ulagyna ussatlyk bilen erk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bedewe atlanmagy ýa-da sport ulagyna erk etmegi ildeşlerimiziň ählisinde buýsanç duýgusyny döredýär we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, gözel paýtagtymyz Aşgabatda Welosiped binasy hem gurulýar.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, ylaýta-da welosporty ösdürmäge bimöçber ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň adyna köp-köp sagbolsun aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Mährijemal Nurmuhammedowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

  • 78
  • 09.05.2019