MAKALA

Kitap — ýakyn syrdaşymyz

Mähriban Watanymyzyň her bir güni rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylýan uly üstünlikler mugallymlar bolan bizi döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Zehinli, watansöýüji, päk ahlakly, zähmetsöýer nesli terbiýelemek her bir bilim işgäriniň möhüm borjudyr. Bu meselede biziň esasy kömekçimiz kitaplardyr.

Çagalary söýgi bilen gurşap almak, ylym-bilimiň açary bolan kitaplar bilen dostlaşdyrmak, kitaby olaryň ýakyn syrdaşyna öwürmek mugallymlaryň paýyna düşýär.

«Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir» diýen parasatly sözleri okuwçylaryň kalbyna guýmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.

Mugallym çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän kitaplary saýlap berip, özbaşdak okar ýaly ýumuşlary tabşyrmalydyr. Sapakdan daşary wagtda okuwçylaryň mekdep we şäher kitaphanasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagyny gazanmalydyr.

Kitap gymmatly hazynadyr. Ol pikir gämisidir. «Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler» diýen nakyly döreden halkymyzda kitaba bolan höwes elmydama ýokary bolupdyr.

Görnükli ýazyjy Nurmyrat Sary­ha­no­wyň «Ki­tap» he­ka­ýa­sy­nyň gahrymany Welmyrat aganyň bir kitap üçin guba düýesini berendigi baradaky maglumaty aýdyp, kitabyň peýdasy hakyndaky hakykaty ýaş nesliň aňyna ýetirmegi başarmalydyrys.

 «Esasy zat biziň näme okaýanymyz däl-de, nähili maksat bilen okaýanlygymyzdyr» diýip, bir akyldaryň belleýşi ýaly, ýaşlaryň okaýan kitaplaryndan ýaşaýşa söýgini, göz öňünde tutan maksatlaryna ýetmegi, Watana wepaly bolmagy, ene-ata hormat goýmagy, ulyny-kiçini sylamagy, zähmetsöýerligi öwrenmegini gazanmalydyrys. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen dana sözleriniň manysyny ýaşlaryň aňyna ýetirmelidiris.

Hormatly Arkadagymyz «Türkmenistan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» ese­rin­de türkmen­le­riň ki­ta­ba, pä­him — parasata goýýan hormaty barada belläp geçýär.

Mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphanalara üns berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» diýlip atlandyrylan ýylda ýurdumyzda kitap sergileriniň yzygiderli guralmagy, kitaphana işini kämilleşdirmek baradaky aladalar barha giň gerim alýar. Mähriban Arkadagymyz kitabyň ösüşlere ýetirýän, kämillige itergi berýän güýçdügini, onuň adamy täze belentliklere galkyndyrýandygyny, ruhubelent edýändigini belleýär. Şu maksatlardan ugur alyp, biz ýaş nesliň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak ugrunda çalyşmalydyrys.

 

Maýagözel Nedirowa,

Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.

  • 37
  • 10.05.2019