MAKALA

Watan gerçekleri unudylmaýar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygyna

 

Bahar gelip, ýaz şemaly ýüzüňi ýelpände, tebigatyň ynsana berýän peşgeşiniň çäksizdigini, ony her ädimde, her demiňde duýmagyň, lezzetini almagyň özboluşly bagtdygyny, asuda asmanyň, parahat durmuşyň her bir ynsan oglunyň ýaşaýşy üçin ilkinji zerur şertdigini öz ýanyňdan buýsanmak bilen ýene bir ýola makullap, şol gymmatlyklaryň adamzat jemgyýetiniň hemişelik hemrasy bolmagyny dileg edýärsiň. Eýsem-de, dünýäniň ähli halklaryny birleşdirýän, raýdaşlyga çagyrýan şygar parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk dälmidir? Diýmek, dünýä halklarynyň agzybirliginiň özeninde hem parahatçylyk, agzybirlik bar. Şonuň üçin hem bütin adamzat bir maksada — Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna gulluk edýär.

 Çagalygy ýa-da ýaşlyk ýyllary 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüne gabat gelen ýaşuly nesliň wekilleri bilen bolýan duşuşyklarda olaryň berýän gürrüňlerinden parahatçylyk düşünjesiniň giň many-mazmunyna, gymmatlygyna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Olar uruş we zähmet weteranlary, watansöýüjiligiň göreldeli mekdepleri, biziň milli gahrymanlarymyz. Olaryň ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň, il-günümiziň, halkymyzyň, külli adamzat nesliniň hatyrasyna gazanylan Ýeňşiň mukaddesligi bilen bagly berýän gürrüňleriniň özeninde durmuş hakykaty ýatyr.

Hawa, taryhyň saralan sahypalaryna siňip giden şol ýowuz, gazaply ýyllar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban atasy — ajaýyp ynsan, zehinli mugallym we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewiň merdana keşbi göz öňüňde janlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamynyň astyndan çykan «Älem içre at gezer» romanynda Berdimuhamet Annaýewiň türkmen ýigitlerine mahsus beýik adamkärçiligi, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýol-ýörelgeleri, geçen zähmet ýoly jikme-jik beýan edilýär. Özi hem hormatly Prezidentimiziň bu romany ýazanda atasy Berdimuhamet Annaýew barada gymmatly maglumatlary, köp sanly arhiw resminamalaryny toplanlygy we öwrenenligi, atasynyň ozalky okuwçylary hem-de bile işlän kärdeşleri bilen duşuşanlygy we gürrüňdeş bolandygy barada beýanatlar bu eseriň ähmiýetini, gymmatyny has-da artdyrýar.

Türkmen maşgalasynda ata terbiýesi, göreldesi ogul perzende geçýär. Eseriň baş gahrymanlarynyň biri bolan, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Anna aga öz döwrüniň sowatly adamy bolup, ol Gökdepe galasyny keseki basybalyjylardan goramaga gatnaşan gerçekleriň biridigi baradaky gyzykly wakalar hem watansöýüji mertleriň nesilleriniň hem ganynda, aňynda, ruhunda watansöýüjilik duýgularynyň ornaýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Hawa, Berdimuhamet Annaýewiň watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmeginde onuň kakasy Anna aganyň nusgalyk göreldesi bar. Ol diňe bir mugallym, esger däl, eýsem şol döwürde ildeşlerine ruhy goldaw beriji ynsan.

Göz öňüňize getirip görüň! Şol döwürde «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» diýen pähimi döreden halkymyzyň şeýle ruhy goldawa neneňsi mätäç bolandygyna aňryýany bilen düşünýän Berdimuhamet Annaýew ildeşlerini her demde goldamaga taýýar bolan beýik ynsan.

Ol urşa gidende-de türkmen ýigitlerine mahsus bolan öz ýoldaşlaryna, dostuna wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanmagy başarypdyr.

Romanda beýan edilişi ýaly, 1943-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň hatarlarynda söweşýän 748-nji atyjylyk polky-da Kremençugyň günorta-gündogarynda ilkinjileriň hatarynda Dneprden geçipdir. Dneprden geçilende bolan söweşler Stepnoý frontuň uly üstünlik gazanan söweşleri hasaplanylypdyr. Şol gazaply söweşleriň birinde Berdimuhamet Annaýew agyr ýaralanypdyr. Şeýdibem 1943-nji ýylyň 9-njy noýabryndan tä 1944-nji ýylyň 8-nji apreline çenli, bäş aýlap hassahanada ýatmaly bolupdyr.

Berdimuhamet Annaýew 1945-nji ýylyň aprel aýynyň ikinji ýarymynda Gökdepä, dogduk Yzgant obasyna göçüp gelen badyna hem ýene-de mugallymçylyk işini dowam etdirýär. Uruşda agyr ýaradar bolup gelendigine garamazdan, bar güýji, yhlasy bilen zähmet çekýär. Onuň işine ökde pedagogdygy nazara alnyp, şol wagtky Gökdepe raýon bilim bölüminiň usulyýet kabinetiniň müdiri wezipesine belleýärler. Emma ol öz işini jany-teni bilen söýýän ynsan. Şonuň üçin hem mugallymçylyk işini hem şol bir wagtda dowam etdiripdir.

Mähriban Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda şol döwürler çagalary okatmakda we terbiýelemekde üstünlik gazanan mugallymlaryň uly toparynyň ordenler we medallar bilen sylaglanandygy, şolaryň arasynda Gökdepe raýonynyň Kuýbyşew adyndaky kolhozyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy Berdimuhamet Annaýewiň hem bardygy, emma onuň öz sylagyny — «Hormat nyşany» ordenini 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilýän gijede bolan güýçli Ýer titremesinde wepat bolandygy üçin alyp ýetişmändigi baradaky ýazgylary tolgunman okamak mümkin däldir. Şonda halkymyzyň uly ýitgileri başdan geçirendigine garamazdan, şol ýitgileriň öwezini halal zähmeti, gazanan üstünligi, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri bilen ýeňip geçmegi başaran mert milletdigine bolan buýsanjyň artýar.

 Geçen ýylyň 28-nji iýunynda Berdimuhamet Annaýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Urşunda söweşlerde mertlik görkezen ildeşlerimize, uruş weteranlarymyza goýlan beýik sarpadan nyşandyr. Bu ajaýyp ynsanyň durmuş hem-de zähmet ýoly biziň her birimiz, aýratyn-da ösüp ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, maksada okgunlylygyň, pederleriň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygyň ajaýyp nusgasydyr.

Hawa, Ata Watanymyz, gadymy hem-de müdimi halkymyz taryhda Watan, il-gün üçin şirin janlaryny orta goýan beýik gerçek ogullaryny hakydasynda ömürlik saklaýar, nesiller bolsa şol gerçekleriň bitiren beýik işleriniň öňünde tagzym edýär.

Ondan bäri eýýäm 74 ýyl geçipdir. Munuň özi çärýek asyry kem bir asyra golaý wagt diýmekdir. Emma şeýle-de bolsa, şol gazaply ýyllaryň ynsanlaryň kalbynda goýan ajy hasratlary unudylanok. Çünki bu uruş ykballara täsirini ýetirdi, onda kim dogan-garyndaşyndan, kim ýakyn hossaryndan aýra düşdi.

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde, hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň meýdanlarynda söweşen esgerleriň, olaryň yzynda ýar ojagyna wepaly bolup galan kümüş saçly eneleriň, şol ýyllarda tylda zähmet çeken zähmet weteranlarynyň sarpasyny belent saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda, döwlet tarapyndan olara pul görnüşindäki sylaglar, sowgatlar gowşurylýar.

Goý, hemişe ýurdumyz parahat, asmanymyz arassa, görjegimiz gowulyk bolsun! Halkymyz üçin erkana durmuşy, bagtyýar zamanany üpjün edýän, ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ýurdy aman bolsun!

Aýnabat Ataýewa,

žurnalist.

  • 52
  • 10.05.2019