MAKALA

Ronaldonyň 600-nji goly

Italiýanyň çempionaty «Serie A-da» çempionlygyny yglan eden «Ýuwentus» topary «Italiýa» derbisinde myhmançylykda «Inter» bilen duşuşdy. Oýun 1–1 deňlikde tamamlanyp, turinlileri ýeňlişden halas eden goly super ýyldyz Kristiano Ronaldo öz adyna ýazdyrdy. Bu onuň klublar boýunça karýerasyndaky 600-nji goly diýlip, hasaba alyndy. Ol «Sportingde» 5, «Mançester Ýunaýtedde» 118, «Real Madridde» 450 hem-de «Ýuwentusda» 27 gol geçirdi. Portugaliýaly ýyldyz 600-nji goluna 801 oýunda ýetdi. «Serie A-nyň» 34-nji tapgyrynda «Kaliarini» 3–0 ýeňen «Roma» 4-nji orna çykdy. «Torinodan» 2–0 utulan «Milan» 7-nji basgançaga düşdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 34
  • 10.05.2019