MAKALA

Russiýanyň goşunlary ilkinji seriýalaýyn harby ekzoskeletini alarlar

Eýýäm bu ýyl Russiýanyň Ýaragly Güýçleri «GB Engineering» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanan EO-01.02 seriýalaýyn harby ekzoskeleti bilen hereket edip başlady. Ulgam tabşyryklary aňsatlaşdyrmaga, uzak aralyga agyr ýükleri äkitmäge, agyrlygyň adam oňurgasyna täsirini peseltmäge ýardam edýär. Bu täze ulgam eýýäm birnäçe ýola harby synaglardan üstünlikli geçdi. Önümi öndüriji kompaniýanyň direktorynyň aýtmagyna görä, bir harby gullukçy bu ekzoskelet bilen dokuz sagatlap arkasynda 35 kg agyrlykdaky «Uran - 6» atly minalary ýüze çykaryjy robototehnika toplumynyň dolandyryjy pulduny göterip gezipdir. Ýöne ol hiç hili diýen ýaly ýadamandyr.

Işläp taýýarlaýjylar EO-01.02 ulgamyň hüjüm üçin niýetlenendigini aýdýarlar. Önüm düýbünden biziň hyýaly ylymlarymyzdaky robotlaşdyrylan penjeklerimize meňzemeýär. Ekzoskeletiň ynsan güýjünden artyk ýüki götermäge mümkinçiligi ýokdur. Ony geýen adam has çalt ylgap ýa has ýokary böküp ýa-da uçup bilmeýär. Onda hatda gülleden goranmak üçin şertler hem göz öňünde tutulmadyk. Onuň artykmaçlyklary başga taraplarynda jemlenýär.

EO-01.02 ekzoskeletiniň esasy wezipesi — harby gullukçynyň hereketlerini gaýtalap, aýagyna, oňurgasyna düşýän agyrlygy peseltmäge, fiziki güýjüni ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Muňa ulgamyň özboluşly gurluşy, şarnirli mehanizmi ýardam edýär.

Önümi öndüriji kompaniýanyň direktory: «Ekzoskeletde doly hereket etmek: egilmek, çalt ýöremek, ylgamak (adamyň öz tizligine görä) mümkin. Ekzoskeleti arkaýyn eginbaş geýen ýaly geýmek hem-de üstünden bronly gursakçany dakynmak bolýar. Ol harby gullukça bronly gursakçanyň agramyny-da duýdurmaýar» diýip belleýär.

Önümi öndürijiler ony geýmäge bary-ýogy ýarym minudyň ýeterlikdigini aýdýarlar. Onuň bilen gerekli bolan 70 kg ýüki arkaýyn götermäge rugsat edilýär. Bu ulgam gönüden-göni agyrlygyň basyşyny şol wagtyň özünde peseltmäge niýetlenendir.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 82
  • 11.05.2019