MAKALA

Finalda «Liwerpul» bilen «Tottenhem»

Ýewropanyň futbol boýunça abraýly ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlarynyň jogap duşuşyklary garaşylmadyk netijeler bilen tamamlandy. Bir hepde mundan ozal Ispaniýanyň «Barselona» topary ýaryşyň birinji duşuşygynda Angliýanyň «Liwerpul» toparyny öz meýdançasynda 3:0 hasabynda ýeňip, finala çykmak üçin saldamly artykmaçlyk gazanypdy. Hepdäniň başynda «Liwerpulyň» esasy oýunçylary Mohammed Salah bilen Roberto Firminonyň şikes sebäpli, jogap oýnuna çykyp bilmejekdikleri barada habar peýda bolansoň, janköýerler «Barselonanyň» «Liwerpula» gaty aňsat hötde geljegine berk ynandylar. Ýöne 55 müňden gowrak tomaşaçy ýygnanan meşhur «Enfild» stadionynda geçirilen jogap duşuşygy düýbünden garaşylmadyk netijäni berdi. «Liwerpulyň» oýunçylary Diwok Origi (7-nji we 79-njy minutlar) bilen Jorjinýo Weýnaldum (54-nji we 56-njy minutlar) hersi iki gezek tapawutlanyp, öz toparyna 4:0 hasabynda üstünlik getirdi. Iki duşuşygyň netijesinde Angliýanyň «Liwerpul» topary Ispaniýanyň «Barselona» toparyndan 4:3 hasabynda üstün çykyp, finala çykmagy başardy.

Ýarym final oýnunyň ýene bir jübüti bolan «Aýaks» bilen «Tottenhem» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk hem garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Geçen hepde myhmançylykda 1:0 hasabynda üstün çykan Gollandiýanyň meşhur «Aýaks» topary hepdäniň çarşenbe gününde öz meýdançasynda Angliýanyň «Tottenhem» toparyny kabul etdi. Oýnuň eýýäm bäşinji minutynda de Ligt hasaby açyp, ýer eýelerini öňe çykardy. 35-nji minutda Ziýeh bolsa hasaby artdyrdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda garşydaşynyň derwezesinden iki pökgini geçirip, umumy hasapda üç pökgi artykmaçlyk gazanan-da bolsalar, amsterdamlylar oýnuň ikinji ýarymynda ýeňşini elden giderdiler.

«Tottenhem» toparynyň oýunçysy Lukas Mouranyň «Aýaksyň» derwezesinden geçiren üç pökgüsi Gollandiýanyň bu meşhur toparyny finaldan galdyrdy. Umumy hasap 3:3 bolup deň tamamlansa-da, myhmançylykda geçirilen artykmaç pökgüleriň hasabyna «Tottenhem» finala çykdy.

Ýarym final oýunlarynyň netijesine laýyklykda, Angliýanyň birbada iki topary — «Liwerpul» bilen «Tottenhem» Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş eder. Bu abraýly ýaryşyň finalynda Angliýanyň birbada iki topary ozal hem çykyş edipdi. 2008-nji ýylda geçirilen ýaryşyň jemleýji oýnunda «Mançester Ýunaýted», «Çelsi» topary bilen duşuşypdy we ondan üstün çykypdy.

«Tottenhem» toparynyň üstünligi bilen Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek bir şähere wekilçilik edýän üçünji topar bu abraýly ýaryşyň finalynda çykyş eder. Mundan ozal London şäheriniň futbol toparlary bolan «Arsenal» (2006-njy ýylda) bilen «Çelsi» (2008-nji we 2012-nji ýyllar) Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş edipdiler.

2019-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň final oýny 1-nji iýunda Ispaniýanyň Madrid şäherindäki «Wanda Metropolitano» stadionynda geçiriler.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 101
  • 11.05.2019