MAKALA

Sanly bilim — kämilligiň ygtybarly ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp miweleriniň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy ýurdumyzda çalt depginler bilen ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýaş nesilleriň sagdyn, arassa, halal, kämil bilim almagy üçin döredilýän şertleriň giňeldilmegi, döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberiniň ýokarlanmagy bu ulgama berilýän aýratyn ünsüň, aladanyň subutnamasy bolup durýar. Çagany beden, akyl-paýhas taýdan sagdyn, adam mertebesine hormat goýmak, başga adamlary we olaryň medeniýetini sylamak ýagdaýynda terbiýelemek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen jemgyýeti, şahsyýeti kemala getirmek häzirki zaman türkmen biliminiň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýöriteleşdirilen başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, täze dersleriň girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy kämilleşdirmek hakynda kabul eden permanlarydyr kararlarynyň durmuşa doly derejede ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, sanly bilim konsepsiýasy bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Her bir ýaş nesliň sowatly, kämil şahsyýet bolmagy üçin giň şertleri, mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Daýanç Baýramdurdyýew,

TOHI-niň mugallymy.

  • 34
  • 11.05.2019