MAKALA

Mawy deňziň ýüreginde

Biz ýene-de mukaddes serhedimiziň goja Hazaryň goýnundaky bir gününe şaýat bolmak üçin döredijilik toparymyz bilen tylla şapagyň eginleri ýygnanyberende, paýtagtymyzdan mawy Hazaryň kenaryna tarap ýola düşdük. Säher bilen bizi otly menzilinde garşylan tejribeli serkerdäniň «Diýmek, siz Aýdeki görjek-dä» diýen degişmesi, birçaklar Horezmşalar döwletiniň patyşasy Muhammet şanyň hem gadam goýan adasy hakyndaky gyzyklanmalarymyzy has-da artdyrdy. Asyl görüp otursak, biziň rowaýatpisint gürrüňlerini kän eşiden bu adamyz hakynda ýoldaş polkownik hem az gyzyklanman eken. Biz bu adanyň taryhy, tebigaty, onuň goýnunda mukaddes serhedimiziň goralyşy, merdana serhetçilerimiziň bu ýerdäki durmuşy hakyndaky gyzyklanmalarymyza anyk jogap beren serkerdeden, ol ýere gämili üç sagatda baryp boljakdygyny hem anykladyk. Döwründe «Aýdak» diýip atlandyrylan bu adada baryp XI-XII asyrlarda hem ýaşaýşyň bolandygy, ol ýerde süýji suwly guýularyň ençemesiniň yzyna şindi-şindi hem sataşyp bolýandygy, galyberse-de, ol ýerde gök ekinleriň, bugdaýyň, üzümiň ösdürilip ýetişdirilendigi hakynda aýdan serkerde, adanyň häzirki ady hakynda hem anyk mysallara salgylanmak bilen gürrüň berdi. Ol adanyň «Ogurjaly» adyny käbir ýaşulularyň taýpa ady bilen baglanyşdyrýandygyny, emma käbir taryhçylaryň bolsa bu ýerlere öňler dürli ýagdaýlarda asudalygyň aşygy bolup gelen adamlar tarapyndan «Ogryn jaý», «Gizlin ýer» manysynyň hem berlendigini, başga bir pikirleriň bir ujunyň bolsa Ogurjyk Alpyň adyna hem ýanalýandygyny aýtdy.

Köpügören serkerdäniň täsirli gürrüňlerini diňläp oturyşymyza, bize toparymyzy bu täsin ada tarap alyp gitjek gäminiň taýyndygyny habar berdiler. Bizem mawy deňziň gujagyndaky taryhy adanyň gözelliklerini synlamak höwesi bilen ýola düşdük. Biz mukaddes serhedimiziň deňiz üsti goragyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolan gäminiň Hazaryň göze sygmaz giňliklerini gulaçlap, yzynda ak köpükden ýodajyk galdyryp, öňe sary okdurylyp barmasynyň täsirleri bilen barmaly ýerimize nähili golaýlanymyzy-da duýmandyrys.

Az wagtdan biz ençeme menzil uzaklykdan seleňläp görünýän ada ýetmän saklanan gäminiň yz tarapyndan suwa düşürilip ugran ýörite motorly gaýyk arkaly täsin ada gadam goýduk. Aksowultdan ýumşak çägesi balykgulaklar bilen doly ajaýyp adada dost-doganlyk araçäklerimiziň goragyny üpjün edýän serhetçi esgerleriň göreldeli gulluk alyp barýandyklaryna bolan buýsanjyny ýüzlerinden, dogumly hereketlerinden hem aňmak bolýardy. Çar tarapy mawy tolkunlar bilen gurşalan adada öz gulluklaryna hüşgärlik bilen berlen merdana serhetçiler bize hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem 2008-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu ýerde iş saparynda bolup, esgerler bilen duşuşandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.

 Esgerleriň arça nahallaryny ekýän pursatlaryna şaýat bolmak, olaryň armasyny ýetirip, adada öň ekilen baglaryň deňiz ýellerine baş yrap duruşlaryny synlamak diýseň ýakymlydy. Merdana serhetçilerimiziň Ogurjaly çäkli goraghanasynda iki müňden hem gowrak keýikleriňdir ýüzlerçe görnüşli täsin guşlaryň, deňiz düwlenleridir dürli ösümlikleriň goralyp saklanmagynda hem mynasyp goşantlarynyň bardygyny goraghananyň işgärleri guwanç bilen belleýärler.

Biz bu ýeriň tarypa laýyk täsin taryhydyr tebigaty bilen ýakyndan tanyşmak üçin, töwerege ýörite goraghananyň işgärleri bilen suratçymyzy hem ýanymyza alyp, aksowult çägeligi külterläp ugradyk. Bize «Aman aganyň guýusy» ady bilen tanalan, häzirki wagtda hem ýaňadan timarlaýyş işleri geçirilip, içimlik suwundan peýdalanylýan guýynyň suwundan dadyp görmek hem miýesser etdi. Şeýle-de taryhyň aýak yzlaryny yzarlap barşymyza, haýsy wagtdan galandygy anyk mälim bolmasa-da, üstünden esli wagtyň geçendigi duýulýan degirmen daşlaryna-da gabat geldik. Göwnümize bolmasa, olar birçaklar bu ýerlerde durmuşyň gaýnap joşandygynyň aýdyň delili ýalydy. Bize bu ýerlerde şuňa meňzeş tapyndylara häli-şindi gabat gelip bolýandygyny aýdanlarynda, adanyň täsin syrlarynyň çakymyzdan has kändigine ynandyk. Şol barmana-da, dup-dury Asmanyň ýüzüne birden üýşen bulutlardan dökülip ugran damjalaryň heýjanyna ezilmek isleýän ýaly güsürdäp örüşine ümdüzine tutduran keýikler, al-Asmana göterilen guşlaryň şirin heňleri asudalygyň ajaýyp suraty kimin göz öňümizde ýaýyldy.

Barha batlanýan ýagşyň entekler diňmek meýliniň ýokdugy, bize yzymyza gaýtmaga çen bolandygyny ýatlatdy. Bu barada gämi kapitanyna duýduranymyzda, ol: «Deňiz biziň islegimize görä däl-de, biz deňziň islegine görä bolmalydyrys» diýip, deňziň syrly söhbetlerinden gürrüň bermäge başlady. Tebigatyň islegine hormat goýulýan bu ýerleriň bir ömür ýatda galjak tämizliginde mawy deňziň ap-ak ýagyşlara ýuwlan ýüreginiň aýdymyny diňläp oturyşymyza, esli wagtdan soň diňen ýagyş bilen köşeşen tolkunlar bize yzymyza gaýtmaga ak pata berdi...

 

Aknur Rozyýewa.

  • 96
  • 11.05.2019