MAKALA

Sagdynlygyň saýasynda

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän orta we ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda sport toplumlary we sport mekdepleri ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýeri hasaplanýar. Türkmen ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar we ýaryşlarda netijeli orunlara mynasyp bolýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Türkmenistan döwletimiz sportuň ösýän ýurdy hökmünde meşhurlyga eýe bolýar. Muny dünýä jemgyýetçiligide doly ykrar edýär. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň geçirilmegi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň uly şatlyk-şowhuna beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkymyzyň mertebesini has belende galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Karara gol çekmegi taryhy waka öwrüldi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türkmen türgenlerini uly jogapkärçilige atardy. Türgenleri parahatçylygyň ilçileri hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge-de ähli şertleriň bolmagy sport äleminde uly üstünlikleriň gazanyljakdygyndan habar berýär. Türkmen türgenleriniň bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, täze-täze ýeňişleri gazanjakdygyna berk ynanýarys.

Milli sportuň dünýä sporty bilen aýakdaş ösmegi babatda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Işanmuhammet Muhammetgulyýew,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

  • 79
  • 13.05.2019