MAKALA

«Uber» bilen bäsleşer

Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasy Tokioda taksi hyzmatyny ýola goýdy. Taksi çagyrylýan «S.Ride» programmasyna 10 müň ulag goşuldy. Kompaniýanyň ýörite töleg ulgamy hem müşderilere ýeňillik döreder. Elektron enjamlaryny öndürýän kompaniýa bu hyzmaty üçin 5 sany taksiçilik şereketi bilen ylalaşyk gazandy. Şäherde taksiçilikde ýiti bäsdeşlik bolup, «Sony»-niň iň ýiti bäsdeşi «Toyota»-nyň goldaw berýän «JapanTaxi» şereketi bolar. «JapanTaxi»-niň 50 müň ulagy bar. Şeýle hem söhbetdeşlik applikasiýasy «Line», dünýä belli «Uber» we Hytaýyň «Didi Chuxing» ýaly şereketleriň hyzmatlary bu ugurdaky bäsdeşligi has hem artdyrýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän «Uber» entek Tokio bazaryna girmedi. Emma munuň üçin dürli şereketler bilen gepleşikler geçirýär. «Sony”-niň ýolbaşçylary bolsa, bu hyzmaty daşary ýurtlarda ýola goýmajakdyklaryny belleýärler. Dünýäniň elektrokar önümçiliginde iş alyp barýan «Tesla» kompaniýasy 2020-nji ýylda sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýjakdygyny mälim etdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 75
  • 13.05.2019