MAKALA

Kitap — bagtyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň, medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren taryhy duşuşygynda eden çykyşy kitaphana ulgamynyň işgärleri üçin hem ýol görkeziji boldy. Milli Liderimiz şol duşuşygynda türkmen edebiýatynyň hazynasyny öz eserleri bilen baýlaşdyran ýazyjy-şahyrlaryň atlaryny uly hormat bilen agzady. Olaryň döreden eserleriniň ýaşlary watansöýüjilik, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi ähli halkymyz bilen birlikde kitaphanaçylary hem diýseň begendirdi. Çünki, aýdylyşy ýaly, ussadyň gadyryny ussatlar bilýär.

Kitap diňe bilimleriň däl, eýsem, bagtyň hem çeşmesidir. Kitap okaýan adamlar edepli, belent adamkärçilikli, bir söz bilen aýdanyňda, mertebe eýesidirler. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri bu babatda biziň ählimize nusgalyk göreldedir. Ol eserler watansöýüjilik mekdebi bolup, halkymyzyň iň bir söýgüli eserlerine öwrüldi.

Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap», «Şükür bagşy» eserlerinde kitabyň, sungatyň güýjüne belent baha berilýär. Olaryň ynsan durmuşynda tutýan belent orny giňden açylyp görkezilýär. Şonuň üçin bu eserleriň gymmaty gitdigiçe artyp barýar. Ýazyjynyň özi Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerinde aradan çykýar. Her ýyl bolşy ýaly, ýakynda hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň giňden hem dabaraly bellenilýän günlerinde kitaphanamyzda okyjylar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda Nurmyrat Saryhanow ýaly Watan gerçekleri ýatlanyldy, olaryň watansöýüjiligi, döreden eserleri hakda okyjylarymyza gürrüň berildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» kitabynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nurana keşpleri okyjyda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olar bu gahrymanlary özlerine nusga edinýärler, şolara meňzemek üçin çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri hem bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň berkarar bolmagyny arzuwlaýan beýik ýüregiň owazydyr.

Bu günki günde hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde giňden goldanylýar. Bu babatda aýdanymyzda, milli Liderimiziň gymmatly, dürdäne eserleri parahatçylygy goramaga hem uly goşantdyr. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Roza Gaýybowa,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň H.Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.

  • 42
  • 14.05.2019