MAKALA

Medeni miras — gymmatly hazyna

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli mirasyny aýawly saklamak we wagyz etmek işine ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň medeniýet we ylym ulgamy täze derejelere çykdy. Häzirki zaman taryhy we arheologiýa barlaglarynyň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan gadymy döwürlerde dünýäniň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi geljekki nesillere asyl durkunda ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiz bimöçber aladalar edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şöhratly taryhyny öwrenmek, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, ata Watanymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny dabaralandyrmak, taryhy we medeni gymmatlyklaryň öwrenilmegini, ösdürilmegini we ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň çäginde uly ylmy gymmatlygy bolan, giň syýahatçylyk mümkinçiliklerini döredýän gadymy şäherdir obalaryň ençemesi saklanyp galypdyr. Türkmenistanda hasaba alnan taryhy we medeni ýadygärlikleriň goralmagyny üpjün etmek, olary öwrenmek we wagyz etmek, dikeldiş işlerini geçirmek, olaryň goralmagyny üpjün etmek babatda uly işler geçirildi.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça — Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisiniň guralmagy hem bu ugurdaky gymmatlyklar bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag ulgamy hökmündäki ornuny berkidýär.

Bu maksatnama laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän iri ýadygärlikleriň birnäçesinde gazuw-agtaryş hem-de dikeldiş işleri alnyp barylýar. Şol ýadygärlikleriň hatarynda Ahal welaýatyndaky Abiwerd, Paryzdepe, Şähriyslam ýadygärlikleri bar.

Ahal welaýatynyň gadymy taryhy ýerleri täsin tapyndylara baýdyr. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Meleheýranda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şirmaýydan ýasalan saçbagylaryň tapylmagy goňşy döwletler bilen uly söwda gatnaşyklaryň bolandygyna güwä geçýär. Parfiýa döwrüne degişli teňňelere ser salanymyzda, teňňelerdäki şekilleriň grek-rim teňňelerinden tapawutlylykda ýerli halkyň medeniýetini suratlandyrýandygyny görýäris.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine üns bermegi netijesinde taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyrylyp, olar ýaş nesilde hem uly gyzyklanma döredýär. Biz — ýaşlar ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary, şöhratly taryhy bilen bagly maglumatlary ýakyndan öwrenip, ylmy işler bilen meşgullanmagy höwes edýäris. Şol höwes bilen, halypalaryň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gadymy taryhy ýerlerine syýahat edýäris, muzeýlere baryp, medeni gymmatlyklarymyz, gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan täsin tapyndylar bilen tanyşýarys, olar baradaky her bir maglumaty ünsli öwrenýäris.

Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, taryhy ýerlerini içgin öwrenmek bize özümizi kämilleşdirmek üçin özboluşly mekdep bolup durýar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri, ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine uly üns gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 

Çary Rahmanow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

  • 32
  • 14.05.2019