MAKALA

XXI asyryň ösen tehnologiýalary

Bionika. Bu pikiriň güýji bilen erk edip bolýan bioprotezlerdir.

Ýakyn geçmişde adamlar el-aýak protezleri hökmünde gaty jisimleri ulanýardylar, bu gün bolsa ylmyň ösmegi bilen, bioprotezler döredildi. 2010-njy ýylda «RSLSteeper» firmasy öz bioprotezini köpçülige hödürledi, onuň kömegi bilen adamyň iň ownuk zatlary hem saklap, hatda ulagy dolandyryp, saz gurallaryna-da erk edip bilýändigi bellenilýär. 2016-njy ýylda «Bebionic» kompaniýasynyň döreden bioproteziniň kömegi bilen sowugy, gyzgyny, şeýle-de başga dürli täsirleri duýup bolýandygy hem haýran galdyrýar.

Kibernetika. Biologik beýnili robot döredildi.

Ylym älemindäki bu täsinlik 2008-nji ýylda Angliýada bolup geçdi.

Bu robota «Gordon» diýip at goýupdyrlar. Geljekde şeýle robotlary has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Syçanyň beýnisi oturdylan robot özbaşdak hereket edýär, onuň belli bir derejede duýgulary hem ösendir.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 29
  • 14.05.2019