MAKALA

Sanly ulgamyň dünýä tejribesi

Alym Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde, döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Dolandyryş, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki wajyp ulgamlarda sanly giňişligiň, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet dolandyryşynda elektron hökümetiň ornaşdyrylanlygy we netijeliligi häzirki wagtda ýurduň ösüşini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Elektron hökümet (E-Government) — munuň özi döwlet edaralarynyň hem-de döwlet edaralary bilen raýatlaryň arasynda maglumat we kommunikasiýa ulgamlary arkaly önümçiligi, elýeterliligi we netijeliligi ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak maksadynda baglanyşygy ýola goýmakdyr. Elektron hökümetiň ýokary derejede gurnalmagy maglumatlaryň howpsuzlygyny, olaryň ulgamlaşdyrylan we merkezleşdirilen saklanyşyny gazanmak bilen döwlet hyzmatlarynyň aňrybaş möçberini üpjün etmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar, sanly gatnaşyga gatnaşyjylaryň wagt, ýol, kanselýariýa, işçi güýji we beýleki çykdajylaryny ep-esli azaltmaga, döwletiň jemi içerki önüminiň artmagyna ýardam edýär. Ilatyň sanly aragatnaşyk ulgamynyň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we bähbitliligine ynamy ýurtda elektron hökümetiň we sanly giňişligiň beýleki mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynda esasy itergi beriji serişdedir.

Koreýa Respublikasy dünýäde häzirki zaman kämil maglumat tehnologiýalary öndüriji hem-de ulanyjy, sanly ulgama geçmekde baý tejribesi we meşhur kompaniýalary bolan ýurt hökmünde tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we dolandyryş pudaklaryna sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň, elektron hökümetiň işiniň kämil derejede guralmagynyň barşynda, Koreýanyň bu ulgamda toplan tejribesiniň öwrenilmegi ähmiýetli bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza şu gezekki döwlet sapary bilen baglanyşykly gol çekilen Bilelikdäki Beýannamadan görnüşine görä, taraplar ylmyň we tehnologiýalaryň hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iki ýurduň durmuş we ykdysady ösüşiniň hem-de maýa goýumlarynyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny ykrar edýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş Geňeşi tarapyndan her iki ýyldan gurama gatnaşyjy döwletleriň elektron hökümetiniň ösüş derejesi boýunça geçirýän seljerişiniň netijeleri boýunça Koreýa Respublikasy iň öňdäki orunlary görkezýär. Koreýada elektron hökümetiň binýadyny döretmeklik geçen asyryň 80 — 90-njy ýyllarynda başlanypdyr. «Koreýa maglumat infrastrukturasyny ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy», «Milli binýatlaýyn maglumat ulgamy» (NBIS) we «Bäş sany milli kompýuter ulgamy» taslamalarynyň çäklerinde Koreýanyň hökümeti içerki dolanyşyk resminamalary, raýatlary, gozgalmaýan emläkleri we ulag serişdelerini hasaba alşyň maglumatlaryny sanly görnüşde saklamaga we ulanmaga başlapdyr. Şolar bilen birlikde, bilim we ylym, maliýe we bank, goranmak we howpsuzlyk çygyrlarynda hem awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlaryny döretmeklik ýola goýlupdyr.

Koreýa Respublikasynda 2000 — 2010-njy ýyllar aralygynda elektron hökümet döwlet dolandyryşyna doly ornaşdyrylypdyr, ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilipdir. Bu döwletiň hökümeti tarapyndan kabul edilen «2003 — 2007-nji ýyllarda elektron hökümetiň ýol kartasy» esasy üç ugry: döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy; raýatlar we hususyýetçiler üçin edilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimini we hilini gowulandyrmagy; elektron hökümet üçin infrastrukturany kämilleşdirmegi dowam etmegi göz öňünde tutupdyr. Görkezilen birinji ugur boýunça milli maliýe, bilim we ýerli öz-özüňi dolandyryş maglumat ulgamlary taslamalary durmuşa geçirilipdir. Ikinji ugur boýunça, raýatlar üçin Hökümet ulgamy (G4C), durmuş ätiýaçlandyrmasy hakynda maglumatlar ulgamy, onlaýn salgyt salma we elektron söwdalaryň döwlet ulgamy taslamalary, üçünji ugur boýunça, elektron resminama dolanyşygy we elektron şahsyýetnama, elektron gol we möhür taslamalary we beýleki utgaşdyryjy çäreler geçirilipdir. Koreýada elektron hökümetiň doly derejede işe girizilmeginde döwletiň ähli ministrlikleriniň, pudaklarynyň we beýleki dolandyryş birlikleriniň «eGovFrame» maksatnama üpjünçiligi arkaly bir hökümet portalyna birikdirilmegi möhüm ädim bolupdyr.

Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň Hökümeti elektron hökümetiň işini kämilleşdirmek boýunça işleri «Hökümet 3.0» ady bilen yzygiderli alyp barýar. Şunda elektron hökümetiň tehniki mümkinçiliklerini we döwlet hyzmatlaryny etmegiň hilini ýokarlandyrmaga (mysal üçin, toplumlaýyn gözleg, bir wagtyň özünde her bir adamyň zerurlygyna görä elektron hereketleri geçirmek mümkinçiligine) aýratyn üns berilýär. Koreýa Respublikasynda raýatlara we daşary ýurt raýatlaryna ýüzlerçe döwlet hyzmatlaryny göni (onlaýn) görnüşde amala aşyrýan birnäçe portallaryň işi internet üsti bilen (şol birwagtda köp sanly daşary ýurt dillerinde) adamlara elýeterli edilipdir. Koreýa Respublikasynyň sanly ulgama geçmek tejribesinde kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ilatyň internet bilen üpjünçiligi we sanly giňişlik baradaky bilimiň ýokarlandyrylmagy ýaly ähmiýetli ýagdaýlar esasy orunda durýar. Ýurtda hereket edýän maglumat tehnologiýalaryny öndüriji we maksatnamalaýyn üpjünçilik boýunça hereket edýän kompaniýalaryň hem bu işde goşantlary uludyr.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen öňde goýlan beýik maksatlar we jogapkärli wezipeler toplumlaýyn çemeleşmeleriň we ylmy esaslandyrmalaryň binýadynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyza Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň jemleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça onlarça resminamalara gol çekilmegi türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ygtybarly ösüşiniň ylmyň we tehnologiýalaryň dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlary bilen yzygiderli baýlaşdyryljakdygyny şertlendirýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda taryhy üstünlikler gazanylýan we beýik başlangyçlaryň durmuşa geçirilýän ýurdy bolan ata Watanymyz merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar türkmen döwletidir, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň dabaralanýan ýurdudyr.

 Mekan Berdiýew.

  • 111
  • 15.05.2019