MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşler babatynda täze belentliklere çykýan döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, nesillerimize dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatymyzyň düýp mazmunydyr.

* * *

 Ýaşlarymyzy ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenini düzýändir.

* * *

 Häzirki ajaýyp zamanamyzda biz terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini utgaşykly ulanmak bilen, ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet bermelidiris.

* * *

 Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir.

* * *

Jemgyýetimizde ylmyň öz hakyky ornuny dikeltmäge hem-de pugtalandyrmaga, iň esasy bolsa, bäsleşige ukyply ylym ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň netijesinde biz oňyn netijeleri gazanandyrys.

* * *

 Maliýe serişdelerini ylmy barlaglaryň geljegi uly ugurlaryna gönükdirmek, ylmy-barlag edaralaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek, alymlarymyzyň mümkinçiliklerini, baý tejribelerini ulanmak hem-de olaryň zähmetini mynasyp derejede höweslendirmek, millilige, ynsanperwerlige, ýagşy niýetlere ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, oňa halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek döwletimiziň esasy maksatlarynyň biridir.

* * *

 Biziň ýaşaýan ýokary tizlikli ylmy-tehniki ösüşler zamanamyzda halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilen taslamalarymyz, maksatnamalarymyz, ähli özgertmelerimiz ylma esaslanýandyr.

* * *

 Biziň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamamyzda ylmy barlaglar üçin niýetlenen binalary gurmagy göz öňünde tutmagymyz ýurdumyzyň ylym pudagynyň geljeginiň uludygynyň esasy alamatlarynyň biridir.

* * *

Ylym adamzadyň iň uly baýlygydyr.

* * *

 Ylym islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän esasy gymmatlykdyr.

* * *

Biziň häzirki kuwwatly nanotehnologiýalar, nouhaular, täsin oýlap tapyşlar asyrymyzda hem ylmyň adamzadyň durmuşynda esasy orny eýeleýändigini aýratyn bellemelidiris.

* * *

Bu gün dünýä ýüzünde esasy üns ilki bilen ýurduň maddy gymmatlyklaryna däl-de, eýsem, şol ýurduň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirlerine, ylmy-intellektual mümkinçiliklerine gönükdirilendir.

* * *

 Döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde biz ylmyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlarynyň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns bermelidiris.

* * *

Biziň ylym-bilim babatdaky döwlet syýasatymyz ylmyň jemgyýetimizdäki öz hakyky ornuny dikeltmäge, pugtalandyrmaga, iň esasy bolsa, häzirkizaman, dünýä standartlaryna laýyk gelýän binýatlaýyn ylym ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

* * *

Biziň barha giň gerim alýan özgertmelerimiz Türkmenistanyň ylym ulgamynyň sazlaşykly ösýändiginiň, innowasion ösüş häsiýetlidiginiň hem-de dünýäniň ylmy giňişliginde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwänamasydyr.

* * *

 Halkara abraýynyň günsaýyn belent derejelere galýan, dünýäniň ykdysady we medeni taýdan gülläp ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistan ylym we bilim ulgamlarynda göwünleri joşdurýan beýik ösüşleriň mekanydyr.

* * *

Biziň bilim we ylym ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli bolmak bilen, ol ilkinji nobatda, milli strategiki bähbitleri üpjün etmäge, ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge gönükdirilendir.

* * *

Ýurdumyzyň ösüşiniň ygtybarlylygy Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamlarynyň aýdyň geljegine baglydyr.

 

  • 82
  • 16.05.2019