MAKALA

Ylmy-amaly maslahat – ösüşleriň kepili

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynyň Mejlisler zalynda «Toýun toýlaýarys goşa baýramyň, Baş kanunyň hem-de ýaşyl Baýdagyň» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary, aspirantlary, doktorantlary, hünärmenleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahat dabaraly ýagdaýda açylyp, Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanýan owazy bilen utgaşdy. Soňra gatnaşyjylaryň gutlag sözleri we çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Baş Kanunymyz,  Döwlet  Baýdagymyz  beýik başlangyçlarymyzyň  gözbaşydyr», «Kanuny berk binýatlydyr döwletim, belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym», «Türkmenistanda  sanly  bilim  ulgamy» atly ugurlar boýunça söz sözlenildi. Olarda ýurdumyzyň mizemez binýatlary, raýatlarymyzyň hukuk aýratynlyklary, ýaşyl Baýdagymyzyň erkanalygyň, azatlygyň alamatydygyny hem-de geljekde olaryň döwrümiz bilen aýakdaş kämilleşdirilýändigini nygtadylar. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Ýalkapberdi Berdimyradow.

  • 71
  • 16.05.2019