MAKALA

Gijeki görüş äýnekleri – «synagda»

ABŞ-nyň goşuny Microsoft kompaniýasy tarapyndan «HoloLens» at bilen çykarylan gijeki görüş äýnekleriniň harbylar üçin çykarylan görnüşleriniň esasy sistema ulgamynyň hakykylyk derejesini synagdan geçirýär. Ol esasy söweşjeň şertlerde, türgenleşiklerde harbylara ýokary mümkinçilikleri döretmek maksady bilen peýdalanylar. Microsoft kompaniýasy 2019-njy ýylyň başynda Pentagonyň we uly halkara tehnologiki merkezleriň birnäçesi bilen 480 millionlyk şertnama gol çekişdi.

Bar bolan maglumatlara görä, ABŞ-nyň harbylary gijeki görüş äýnekleriniň 100 müňe golaýyny satyn alypdyrlar. ArmyTimes saýdynyň habar bermegine görä, olar gijeki görüş äýneginiň ilkinji toplumyny 2019-njy ýylyň martynda kabul edipdiler. Bu gijeki görüş äýnegini geýen harby gullukçy daş-töweregi öňküsi ýaly görýär, ýöne goşmaça degerli maglumatlary görkezilende ulanyja interfeýsiýa ýagtylygy bilen görünýär.

Gijeki görüş äýnegi işledilende ýerleşýän ýeriň kartasyny, bu enjamy beýleki ulanyjy agzalaryň nirede ýerleşýändigini takyk görkezýär.

Goşunda geçirilen ilkinji synagda enjamdaky kartanyň harby gullukçyny ýalňyşdyrmak derejesiniň ýokarylygy sebäpli, ekranyň ýokarky böleginiň zolagyna kompas gözkezijisi ýerleşdirilýär.

Ol dinamiki belgileriň üsti bilen netije çykarmaga ýardam edýär. Meselem: Kim, haýsy tarap, egindeşiňmi ýa duşmanyň. Harby gullukça bellenen nyşanany dogry almak üçin ýaragy dinamiki belgä tarap öwürmegiň özi ýeterlik bolýar.

Bu ulgamyň häzirki görnüşi ýeterlik derejede däl. Ony demir gorag başgaby bilen geýip bolmaýar. Harbylaryň synaglarynyň maksadynyň ilkinjisi – bu enjamy hakykatdan hem kämilleşdirip, göwrümini adaty güne garşy ulanylýan äýnekleriňki ýaly etmekdir.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 78
  • 16.05.2019