MAKALA

Terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň terbiýeçi serkerdeleriniň hem-de Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Terbiýe düzgün-nyzamyň gözbaşydyr» atly yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby özgertmeleriniň barşynda harby gullukçylaryň arasynda düzgün-nyzamlylygy has-da pugtalandyrmak, olary ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, mertlik, edermenlik ýaly duýgy-düşünjelerini kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de bu ugra degişli işleri durmuşa geçirmäge, goşunyň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, zerur bolan çäreleri talaba laýyk derejede guramaga, tejribe toplamaga uly üns berilýär. Olara harby gullukçylaryň jogapkärli wezipelerini üstünlikli berjaý etmekleri, gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýörelgelerimiz esasynda tejribeli serkerdeleriň uzak ýyllyk tejribeleri manylary bilen öwredilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Harby edaralaryň şahsy düzüminiň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň dünýägaraýyşlarynyň giňeldilmegi, şeýle hem harby gullukçylaryň hatarynda tertip-düzgüniň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilmelidir» diýip, aýratyn belleýär. Bu jümlelere esaslanýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem degişli işler yzygiderli geçirilýär. Ine, şeýle çäreleriň biri-de ýakynda terbiýeçi serkerdeleriň hem-de Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyplarynyň arasynda «Terbiýe düzgün-nyzamyň gözbaşydyr» atly yglan edilen çeper-döredijilik bäsleşigidir. Bäsleşik: iň gowy ynsanperwerlik depderiniň awtory; iň gowy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresini guraýjy; iň gowy ynsanperwerlik taýýarlygyndan okuw sapagyny guraýjy; iň gowy döredijilik işiniň awtory; esgerler bilen aýratynlykda söhbetdeşlik geçmegiň ussady ýaly şertleri özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan etmeginde geçen bäsleşikde ukyply, zehinli serkerdeler ýüze çykaryldy.

Iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji tapgyry harby bölümleriň öz çäginde geçirildi. Öz gulluk edýän harby bölüminde ýeňiji bolan harby gullukçy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda beýleki harby bölümlerden gelen harby gullukçylar bilen bäsleşdiler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan harby gullukçylar ykjam taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça Mergen Mammylow baş baýraga, Nurýagdy Hemraýew  birinji orna,  Döwletgeldi Söýünhanow ikinji orna, Batyr Öwezow hem-de  Maksat Sapargeldiýew dagylar üçünji orna mynasyp boldylar.

Bäsleşigiň jemine bagyşlanyp geçirilen dabarada ýeňijilere hem-de bäsleşikde gowy çykyş eden harby gullukçylara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de «Nesil» gazetiniň hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň watansöýüjilige, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleriniň waspyna ýugrulan aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dost-doganlyk serhedimiziň goragçylaryna giň mümkinçilikler yzygiderli döredilip, olaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleriniň gowulanmagyna uly üns berilýär. Şeýle çäreleri geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaç alsyn!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 171
  • 17.05.2019