MAKALA

Dünýäniň gadymy diwary

Dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan pederlerimiziň mundan müňlerçe ýyl ozal döreden, guran ajaýyp binalary, köşk-saraýlary bu gün türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda, daşary ýurtly alymlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Gadymy we orta asyrlarda ýurdumyzyň çägine Demirgazyk Horasan, Horezm, Baktriýa we Girkaniýanyň ýerleri degişli bolupdyr. Şonuň bilen birlikde bu gadymy toprakda asyrlaryň dowamynda adamzat zehininiň miweleri bolan medeniýetiň, sungatyň, binagärçiligiň ajaýyp nusgalary saklanyp galypdyr. Olaryň köpüsi bize arheologiýa barlaglarynyň, ýazuw ýadygärlikleriniň üsti bilen aýandyr. Biz ol nusgalaryň diňe öz halkymyzyň däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhynda hem tutýan ornunyň bardygyny unutmaly däldiris.

Biziň bu ýazgymyz hem şeýle gymmatly ýadygärlikleriň biri bolan, mundan müňlerçe ýyl ozal bina edilen ajaýyp binagärçilik desgasy — gadymy Merwiň daşyna aýlanan diwaryň taryhy bilen bagly gyzykly maglumatlary öz içine alýar.

Gürrüň berlişine görä, bu diwar Aleksandr Makedoniýaly tarapyndan gurlupdyr. 1935-nji ýylda aşgabatly arheolog A.A.Maruşenko Mary welaýatynda arheologiýa barlaglaryny alyp baranda, Baýramaly şäherinden 30 kilometr demirgazykda ýerleşen diwaryň galyndylaryny synlapdyr. 1946-njy ýylda bolsa Günorta Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasy Antioh Soteriň diwaryny tapmagy we doly öwrenmegi öz öňünde maksat edip goýýar. Şol ýyllarda arheolog S.A.Wýaziginiň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň 4-nji topary hem ady agzalan diwaryň galyndylaryny öwrenmek işine girişýär.

Antik senenamalarynda «Margiana» ady bilen tanalan Merw — Aziýanyň iň kuwwatly Ahemeniler döwletiniň düzüminde bolupdyr. Emma b.e. ozalky IV asyryň otuzynjy ýyllarynda iň soňky patyşa Dariý III Isse we Gawgamela şäherlerinde Aleksandr Makedoniýalynyň goşunlaryndan ýeňlipdir. Aleksandr Makedoniýaly Margiana gelende, şäheriň we onuň daş-töwereginiň gözelligine haýran galypdyr. Onuň emri bilen şäheriň golaýynda alty sany gala gurlup, olar «Margian Aleksandriýasy» diýip atlandyrylypdyr. Bu hakda onuň Orta Aziýa ýörişini beýan eden rim taryhçysy Kwint Kursiý Ruf «Historia Alexandri Magni Macedonis» («Aleksandr Makedoniýalyň ýörişiniň taryhy») diýen 8 jiltden ybarat işinde hem ýazýar.

Emma makedonlaryň Orta Aziýadaky agalygy uzaga çekmeýär. Aleksandr Makedoniýaly wepat bolandan soň, onuň döreden imperiýasy hem dargaýar. Günorta Türkmenistanyň etraplary, şol sanda gadymy Merw Günbatar Aziýada dörän Selewkitler döwletiniň eýeçiligine geçýär.

Emma b.e. ozalky 281-nji ýylda «Halasgär» ady bilen tagta patyşa Antioh I Soter geçýär we şäherde dikeldiş işleri başlanýar. Grek taryhçysy Pliniý Sekund Ulynyň «Hakyky taryh» (Naturalis historia) işinde ýazmagyna görä, şol döwürler onuň ozalky «Margiana Aleksandriýasy» ady üýtgedilip, «Antioha Margiana» diýlip tutulyp ugralypdyr. B.e.III asyrynda ýaşan Gaý Ýuliý Soliniň «Ýatdan çykmajak zatlaryň ýygyndysy» (Collektanea rerum memorabilim) atly geografiki synynda «Margiana Aleksandriýasynyň» ady Selewk Nikatoryň hormatyna «Selewkiýa» diýlip atlandyrylypdyr. Bularyň hemmesi gadymy Marynyň antik eýýamda örän uly ykdysady we harby-strategik merkez bolandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Antioh I Soter diňe bir şäheri dikeltmek bilen çäklenmän, döwletiň gündogar serhetlerini daşky duşmanlardan howpsuzlandyrmak maksady bilen, tutuş oazisiň daşyna 230 kilometre barabar goranyş diwaryny aýlamagy buýrupdyr. Goranyş diwaryny salmak b.e. ozalky 281-282-nji ýyllarda başlanypdyr. Şol döwürde şeýle uly desgany başga hiç bir döwlet gurmandyr. Grek geografiýaçysy Strabon meşhur «Geografiýa» işinde: «Bu ýurt (Ariýa) we Margiana tekiz gum çöllügi bilen gurşalypdyr, onuň täsin hasyllygyny gören Antioh Soter onuň daşyna 1500 stadiý diwar çekmegi buýurdy» diýip takyklaýar. Ine, şol 200 kilometrden gowrak uzalyp gidýän diwar geçmişiň gatlaryna «Beýik Orta Aziýa diwary» hökmünde girýär.

Antioh I Soteriň b.e. ozalky III asyrda gurduran diwarynyň galyndylaryny Mary welaýatynyň demirgazyk çäklerinde synlamak bolýar. Onuň döwründe şäher diňe Erkgalanyň tutýan çäklerinden has giňäp, günorta — Gäwürgala çenli giňelipdir. X asyrda arap geografy Ybrahym ibn Muhammet el-Farisi el-Ystahry «Kitab Mesalik el-Memalik» (Ýurtlaryň ýollarynyň kitaby) atly geografiki synynda diwaryň galyndylaryny «Arraý» ady bilen ýatlapdyr. Akademik W.W.Bartold bolsa, arap alymynyň berýän maglumatynyň Strabonyňka gabat gelýändigi hakyndaky pikiri aýdypdyr.

Şeýlelik bilen, geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ortalarynda arheolog S.A.Wýazigin tarapyndan diwaryň dürli böleklerinde gazuw geçirilip, onuň hakykatdan-da b.e. ozalky III asyrda Antioh I Soter tarapyndan gurlan desgadygy subut edildi we Medeni zonany gurşap alýan diwaryň 2200 ýyl mundan ozal ýerli çig mal serişdelerinden örän berk bina edilendigi ylmy taýdan tassyklanyldy. Akademik W.W.Bartoldyň sözlerine görä, bu täsin desga Orta Aziýada gurlan ilkinji gorag galasydyr.

Diwar hemme ýerde üznüksiz dowam etmeýär. Ol uzynlygy 10-15 metr we beýikligi 1,5-den 3 metre çenli süýnýän depelerden ybaratdyr. Käbir ýerlerde bolsa diňe seňňer görnüşine eýe bolup, aralary 10-dan 15 metre çenli bolan depejikleri ýatladýar. Bellenmeli delil, şol ýyllarda alymlar tarapyndan diwaryň 70 km uzynlygy we 3-5 km giňligi öwrenildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň ajaýyp gorag desgalarynyň biri Hytaý diwary saýylýar. Bu desga Demirgazyk Hytaýda — Gansu welaýatyndan Sary deňze çenli aralykda asyrlaryň dowamynda gurlupdyr. Beýikligi 5 metrden 10 metre çenli, ini bolsa 7 metre deň Hytaý diwarynyň senesini alymlar b.e. ozalky III asyryň ahyrlary bilen seneleýärler.

Häzirki wagtda Hytaý diwarynyň köp ýerleri ýykylan hem bolsa, ol, esasan, ilkibaşdaky durkuny ýitirmändir. Çünki Hytaý imperatorlary diwaryň saklanmagy üçin ýörite serişdeleri goýberipdirler, dikeldiş we abatlaýyş işlerini geçiripdirler. Biziň pikirimizçe, bejeriş işleri Margianaň daşyny gurşap alan Orta Aziýa diwarynda hem geçirilen bolmaly, sebäbi, ol hakynda ýokarda hem belleýşimiz ýaly, müň ýyl mundan ozal Ystahry ýatlap geçýär. Emma S.A.Wýazigin diwaryň köp böleginiň XIII asyryň birinji çärýeginde Maryny gaban mongollar tarapyndan weýran edilendigini ýazýar. Mundan başga-da, diwaryň gurluşygynda esasy serişde şykgy toýun we çig kerpiç bolupdyr. Bu bolsa arheologiýa tejribesiniň görkezişi ýaly, wagtly-wagtyna ideg edilmese, ol ýagyş-ýagmyra ýuwulýar hem-de onuň ýykylmagyna getirýär.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Antiohyň diwarynyň Hytaý diwary bilen deňeşdirilmegi, bir tarapdan, ýönekeý görünse-de, onuň has ir gurulmagy we haýal edilmän gutarylmagy döwletiň öz çäkleriniň we raýatlarynyň asudalygyna ýokary derejede üns berendigini tassyklaýar. Iň esasy delil hem, bu goranyş ulgamynyň ýönekeýligine garamazdan, Orta Aziýada, hususan, Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek iş ýüzüne geçirilmegi we tejribede peýdalanylmagy taryhy taýdan bellärliklidir. Bu bolsa biziň häzirki döwrümizde şeýle taryhy ýadygärlikleriň ylmy nukdaýnazardan gymmatynyň adamzat taryhy üçin örän ýokarydygyny subut edýär.

 

Bäşim Annagurbanow,

arheolog.

  • 86
  • 17.05.2019