MAKALA

Bilim — ýagty geljegiň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil şahsyýetleri kemala getirmek biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň özenidir» diýip belleýär. Ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny döwletimiz göz öňüne tutmak bilen, durnukly ösüşiň möhüm guraly hökmünde bilim ulgamyny öňe çykarýar. Şu jähetden bilim ulgamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegi gazanylýar. Bilim edaralarynyň gerimi giňeldilýär, döwrebap okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edilýär. Innowasion tehnologiýalar, täze okuw serişdeleri ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna-da uly üns berilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bilimi kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy bellenilýär. Ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleri munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, bu ulgam üçin goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi ýylyň-ýylyna artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly döwrebap binalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. Täze gurlup ulanylmaga berilýän desgalar gurluşyk-binagärlik nusgalary, hil derejesi bilen düýpli tapawutlanýar. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň bilim ojaklary döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga mümkinçilik berýär. Netijede, berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamyny geljek ýedi ýylda ösdürmegiň esasy wezipeleri kesgitlenilendir. Maksatnamada milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bu ulgamy kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak baş wezipe edilip goýulýar.

Milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Şonuň ýaly-da bagtyýar ýaşlarymyza diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

 

Maral Akmyradowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

  • 82
  • 20.05.2019