MAKALA

«Ýyllar beýik taryh bolar, gadamlarňy garşylar-da...»

Ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhetçiler bilen duşuşdy we olara ýaňy bolan alabaý köpejikleriniň ýedisini sowgat berdi. Bu bolsa, halkymyzyň ýedilik belginiň mukaddesdigi, rowaçlygy getirýändigi hakyndaky milli ýörelgeleriniň nobatdaky görelde mekdebi boldy.

Şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalarynda halkymyzyň edermenligi, gaýduwsyzlygy, batyrlygy bilen bir hatarda, milliligi, özboluşly mirasy, maddy we medeni gymmatlyklary bilen tapawutlanypdyr. Pederlerimiziň durmuşyna mäkäm ornaşan däp-dessurlar, ynanç-ygtykatlar, edim-gylymlar wagtyň eleginden geçip dabaralanyp, biziň günlerimize taraşlanyp, many goýazlygy bilen gelip ýetipdir. Halkymyzyň taryhynda gamyşgulak bedewlerimiz, alabaý itlerimiz ýakyn orny eýeläp, şowlulygyň, döwletliligiň nyşany hasaplanypdyr. Şonuň üçin halkymyz gapysynda ahalteke bedewini, alabaý itini saklapdyr. Olar «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «It geldi-gut geldi» diýen nakyllary durmuş mysalynda miras galdyrypdyrlar.

Hiç bir zady gözden salmaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biz geçirýän harby özgertmelerimiziň çäklerinde serhetçiler hakdaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris. Serhetçiler hem-de olaryň maşgala agzalary döwletimiz tarapyndan hemişe uly alada bilen gurşalyp alnar. Serhet goşunlarynda gulluk edýän her bir harby gullukçynyň has-da kämil, ýokary derejede taýýarlykly bolmagy üçin olaryň üpjünçiligi ähli tarapdan pugtalandyrylar» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy ugrunda uly aladalary edýär.

Ýakynda, ýazyň parç bolan gülleriniň ysy türkmen tebigatyna özboluşly tämizligi çaýan mahaly hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçiler bilen duşuşmagy hem şol çäksiz aladalaryň nobatdaky subutnamasy boldy. Milli aýratynlyklarymyzdan, medeni mirasymyzdan gözbaşyny alyp gaýdýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir gadamy çölleri gülzara öwürýär, rowaçlygyň, ösüşleriň nazaryny ata Watanymyz Türkmenistana gönükdirýär. Halkymyzyň taryhynyň dowamynda dünýä gymmatlyklaryna öwrülen nepis halysy, ahalteke atlary, alabaý itleri arzylanypdyr we ýegre dost hökmünde sarpasy belentde saklanypdyr. Şonuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhetçiler bilen duşuşyp, olara alabaýyň wepalyly hakyndaky rowaýatlary, itler bilen bagly söz düzümleriniň, nakyllaryň çuňňur many-mazmunlaryny aýdyp berdi. Olaryň süňňünde watansöýüjilik duýgy-düşünjeleriniň göçme häsiýete eýe bolup, ýokary derejede ornaşdyrylandygyny nygtady. Alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy, islendik çylşyrymly pursatlarda hem öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyplary barada belläp geçdi. Bu bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan harby gullukçylara şahsy göreldäniň ýene-de bir nusgalyk görkezijisi boldy.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhetçi esgerleriň dynç alyş, gulluk şertleri bilen içgin gyzyklandy. Olara dost-doganlyk serhedimiziň asudalygyny, parahatlygyny goramakda alyp barýan gulluklarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Pederlerimiziň asylly ýörelgeleri bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan giň goldaw tapýar. Serhetçileriň ýardamçylary hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz we alabaý itlerimiz hüşgärligi elden bermän, mukaddes araçäklerimiziň asudalygyny goramaga, parahatlygy üpjün etmäge iterýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçiler bilen duşuşmagy olaryň ýurt goragyna bolan höwesiniň, içki joşgunynyň, watansöýüjilik duýgusynyň berkemegine, jogapkärli gulluklarynda mundan beýläk-de üstünlikleri nazarlamaklaryna, özleriniň mukaddes gulluklaryna bolan söýgüsiniň ýaýbaňlanmagyna itergi berdi.

Şeýle giň mümkinçilikler, döredilýän şertler üçin serhetçileriň hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlary, alkyşlary çäksizdir.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 90
  • 20.05.2019