MAKALA

Jokowiçiň 74-nji, Bertensiň 9-njy kubogy

«Madrid Açyk Masters» (Ispaniýa) tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Jokowiç finalda gresiýaly Stefanos Sisipasdan 6:3 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykyp, Madriddäki 3-nji (2011, 2016, 2019) kubogyny eýeledi. Karýerasyndaky 74-nji çempionlygyny baýram eden Jokowiç 33-nji «Masters» kubogyny gazanyp, bu ugurda Rafael Nadalyň rekordyna şärik boldy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda-da kubogy gollandiýaly Kiki Bertens asmana göterdi. 27 ýaşly tennisçi finalda rumyniýaly Simona Halepi 6:4 we 6:4 hasaplar bilen ýeňdi. 9-njy WTA çempionlygyny gazanan 27 ýaşly Bertens «Madrid Açykda» ýeke setde-de utulman kubogy alan ilkinji zenan tennisçi boldy.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 79
  • 21.05.2019