MAKALA

Seniň ýaşyňda

Fatyh soltan Mämmet (ýaşan ýyllary 1432 — 1481 ý.) Osman türkmen döwletiniň ýedinji soltany. Hakyky ady Mämmet (Muhammet) bolan bu soltana çeşmelerde Mämmet II (türkçe Mehmet II) diýilýär. 12-14 ýa­şyn­da (1444 — 1446 ý.) we 19-49 ýa­şynda (1451 — 1481 ý.) iki gezek tagtda oturdy. Onuň Osman türkmenleriniň döwletiniň taryhyndaky iň uly hyzmaty 21 ýa­şyn­da (1453 ý. 29-njy maýy) Konstantinopoly (Stambul) wizantiýalylaryň elinden almagydyr. Bu ýeňiş üçin soltan Mämmet II «Konstantinopolyň ýeňijisi» diýlen at berlipdir. Konstantinopolyň ady türkmençä ýakynlaşdyrylyp, Stambul diýlip atlandyrylypdyr hem-de döwletiň paýtagtyna öwrülipdir. Fatyh soltan Mämmet şäheriň ähli hristian halkyna ýüzlenip, olaryň dini ynanjynyň hormatlanjakdygyny, janyna, emlägine hiç kimiň el gatmajakdygyny, gaçan adamlaryň yzyna dolanyp gelip, öňki öýlerinde ýaşap biljekdiklerini aýdypdyr.

Fatyh Mämmediň türkmen deňizçiligini ösdürmekde bitiren hyzmatlary uludyr. Ol Mermer deňziniň kenaryndaky Gelibolu, Izmit, Gemlik gämigüzerlerinde gämi ussahanalaryny gurdurypdyr. Konstantinopolyň eýelenmegi türkmen deňizçiliginiň taryhyndaky möhüm sahypalaryň biridir. Eýýäm jümmüşine aralaşan Osman türkmenleri üçin bu şäheri eýelemegiň ähmiýeti uludy. Çünki Mermer deňziniň kenarynda ýerleşen, dünýäniň iň möhüm Bosfor we Dardanell bogazlaryna gözegçilik etmegiň merkezi hasaplanýan, iň esasy-da, Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen bu möhüm şäheri eýelemezden, Osman türkmenleriniň döwleti dünýäniň üç sebitine hökmüni ýöreden jahan döwletine öwrülip biljek däldi. Şeýle möhüm şäheri eýelemek bagty Osman türkmenleriniň ýedinji soltany Fatyh Mämmede miýesser edipdir. Halyç aýlagynda jemlenen Wenesiýa flotuny ýeňmek üçin sallaryň üstüne mündürilen 60-dan gowrak gämini bir gijäniň içinde Tophanadan Kasympaşa çenli dört ýarym kilometr aralyga süýredip, Halyç aýlagynda suwa goýberdipdir.

Fatyh Mämmet Osman döwletiniň çäklerini Ýewropa tarap giňelden soltandyr. 22-24 ýa­şyn­da (1454 — 1456 ý.) Serbiýa üç sapar ýöriş guraýar. Mahmyt Paşanyň baştutanlygyndaky soňraky ýörişleriň netijesinde Semendre alnyp, Serbiýa Osman türkmen döwletiniň çäklerine goşulypdyr. 26-27 ýa­şyn­da (1458 — 1459 ý.) Morawiýa guralan ýörişlerinden soň, Afiny we beýleki şäherleri, Albaniýany osmanlara birikdirýär. 30 ýa­şyn­da (1462 ý.) Walahiýa, 31 ýa­şyn­da (1463 ý.) Bosniýa, 34-35 ýa­şyn­da (1466 — 1467 ý.) Albaniýa, 38 ýaşynda (1470 ý.) Gresiýa, 44 ýa­şyn­da (1476 ý.) Moldawiýa, 48 ýa­şyn­da (1480 ý.) Gersogowina harby ýörişleriniň köpüsinde üstünlik gazanyp, döwletiniň çäklerini giňeldipdir. Wenesiýalylardan Midilli, Egriboz adalaryny alypdyr. Kastamonyny, Sinopy (1461 ý.), Jandarogullary begligini, Konýany eýeläp (1466 ý.), Garamanogullary türkmen begliklerini tabyn edipdir. 41 ýa­şyn­da Otlukbili söweşinde (1473 ý. 11-nji awgusty) Gündogar Anadolyda häkim bolan Akgoýunly türkmenleriniň hökümdary Uzyn Hasany ýeňýär. 46 ýa­şyn­da (1478 ý.) wyždan azatlygy hakynda kanunlar ýygyndysyny çap etdirýär.

Otuz ýyllyk soltanlyk döwründe Wizantiýa imperiýasyny, dört korollygy, alty şazadalygy eýelän Fatyh soltan Mämmediň ölümini wenesiýaly ilçileriň biri «Beýik bürgüt öldi» diýip, öz döwletine habar beripdir. Fatyh soltan täze paýtagt Stambulda uly gurluşyklary alyp barypdyr. Ol Topgapy köşgüni, ençeme metjit-medreseleri, bazarlary, şypahanalary, hammamlary gurdurypdyr. Ýewropa medeniýetine uly hormat goýan Fatyh soltan Mämmedi taryhçy Mihail Kristowulos «Grek medeniýetiniň goraýjysy we dosty» diýip atlandyrypdyr.

Fatyh soltan Mämmet Osman türkmen döwletiniň ilkinji kanunlar ýygyndysyny düzdüripdir. Şygyrlar diwany çykan ilkinji Osman soltany Fatyh Mämmetdir. Italýan awtory Zorzo Dolfin Fatyh Mämmediň günde bir kitap okandygyny, Rim taryhyny, grek taryhçysy Gerodotyň işlerini okadyp diňländigini ýazypdyr. Ol şahyrlara, alymlara ýakyndan hemaýatkärlik edipdir.

Fatyh soltan Mämmediň Mustapa, Baýezit II, Jem soltan atly ogullary bolupdyr. Göwherhan atly gyzy Akgoýunly türkmenleriniň hökümdary Uzyn Hasanyň ogly Ugurly Mämmet Mürzä durmuşa çykypdyr.

Ýapon we italýan gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda gurlup, 1988-nji ýylda ulanmaga berlen köpri (uzynlygy 1510 metr) soltan Fatyh Mämmediň adyny göterýär. Ol Stambulyň Aziýa we Ýewropa bölekleri Bosfor bogazy arkaly birleşdirilýär.

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 99
  • 21.05.2019