MAKALA

Kolibri guşy ýaly robot

Hünärmenler kolibri guşlary ýaly uçup bilýän robot işläp düzdüler. Robotyň emeli aňy kolibrileriň hereketlerini «öwrenip», hakyky guşlar ýaly uçmaga mümkinçilik berýär. Bu kiçijik «guşjagaz» gözleg-halas ediş maksatly ulanylar. Kubanyň adalarynda ýaşaýan kolibriler sekuntda 15-80 gezek aralygynda ganat kakýar. Olar howada hiç bir tarapa hereket etmezden durup bilýärler. Bu guşjagazlaryň ganat kakyşyny görmek üçin ýokary hilli ýörite kameralar gerek. Olar yzlygyna we dik ýokaryk hem uçup bilýärler. Guşuň bu ukyplary alymlaryň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Şol sebäpli inženerler häzire çenli köp zadyň ýasalmagynda bu guşdan ugur alypdyrlar. Uçýan robotyň ýasalmagynda hem kolibriler has ýakyndan öwrenildi. Robotyň esasy bölekleri 3 ölçegli printerler arkaly emele getirilipdir. Beýleki böleklerini ýasamakda ýörite membranadan we uglerod süýüminden peýdalanylypdyr. Onuň agramy bary-ýogy 12 gram.

Mälim bolşy ýaly, dronlaryň howa göterilmegi üçin perleriniň belli bir tizlikde aýlanmagy zerurdyr. Dronyň agramy we perleriniň güýji onuň batareýasynyň zarýadyny näçeräk saklajakdygyna täsir edýär. Şol sebäpli dronlaryň belli bir uçuş wagty bolýar. Emma bu robotda has başgaça tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Inženerler kolibri guşlarynyň hereketlerini olaryň ýaşaýan tebigy şertlerinde öwrenip, kompýuter algoritmlerine geçiripdirler. Köp wagtlyk zähmetiň netijesinde ýüze çykan bu algoritm robota hakyky kolibri ýaly uçmagy öwredýär.

Bu üýtgeşik enjamy ABŞ-nyň West Lafaýett uniwersitetiniň hünärmenleri işläp taýýarlapdyrlar. Ony döreden toparyň ýolbaşçysy Sinýan Deng robotyň gezen ýeriniň kartasyny çykaryp bilýändigini, şol sebäpli has az sensora zerurlyk duýlandygyny belleýär. Roboty garaňkyda hem ulanyp bolýar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 108
  • 21.05.2019