MAKALA

Kitap – bilimiň çeşmesi

Ýüreklere barýan ýoly tapmagyň serişdesi köp. Adamzat döräli bäri birek-birege eltýän ýakyn hem amatly ýollaryň gözleginde bolupdyrlar. Asyrlaryň synagyndan geçen, iň ygtybarly hyzmatdaşlyk ýoluny açýan keramatlaryň biri-de kitapdyr. Kitaplaryň üsti bilen adamlaryň içki we daşky dünýäsini tanaýarys, dünýämiziň ýakyn hem-de alys künjeklerini öwrenýäris. Halkymyzyň buýsançly geçmişinde hem kitaba goýulýan hormat-sarpanyň belent bolandygyna akyl ýetirip bolýar. Türkmeniň ady agzalan ýerde kitap bilen bir umumylygy, bitewi birligi tapyp bolýar. «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly paýhasa baý uly göwrümli eserleri her bir halkdan tapyp bolanok. Halkymyz şunuň ýaly ajaýyp eserleri, kitaplary bilen özüni dünýä tanadan milletdir. Öňki döwürlerde ata-babalarymyz uzak ýola sapara, syýahata çykanlarynda, ýanlary bilen bir gysym Watan topragyny, bir döwüm tamdyr çöregini, bir çümmük nahar duzuny we bir kitap alyp gider ekenler. Çünki bularyň ählisi ömürboýy ýanyňa ýoldaş bolýan, asla harlanylmaýan mukaddeslikler hasaplanypdyr. Argyşa giden ata-babalarymyz giden ýerlerine türkmeniň kitabyny äkitseler, baran ýerlerinden üýtgeşik, täsin, gyzykly we ähmiýetli kitaplary satyn alyp gaýdar ekenler. Türkmeniň özge halklar bilen kitaply gatnaşygy onuň edil saçakly gatnaşygy ýaly bolupdyr.

Kitap gözlere röwşenlik çaýýan, ýöremeli ýollaryňy ýadyňa salýan, gaýgyly günüňde aladadan, gaýgydan saplap, teselli berýän, seni üns bilen diňleýän, ýekeligiňi unutdyrýan dostdur, ýoldaşdyr. Kitap içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl jamydyr. Köne döwrüň alymlarynyň. akyldarlarynyň kitaby Jemşidiň jamyna meňzetmeklerinde hem çuňňur many bar. Kitap döredijiligiň, paýhasyň, zehiniň we zähmetiň datly miweleri bilen doldurylan tabaga hem meňzedilipdir. Kitabyň içinde pikir-düşünjeler, dünýägaraýyşlar, duýgular öz inçeligi, näzikligi, gaýta-gaýta okalýandygyna garamazdan, solmaýan terligi bilen gaplanyp goýlandyr. Atalarymyzyň aýtgysynda «Kitaby açan adam bilimler hazynasy saklanýan gowagyň derwezesini açýandyr» diýilýär. Gündogaryň meşhur alymlarynyň biri Amr ibn Bahrul-Jahyz kitap barada şeýle diýýär: «Kitap — ol iň gowy söhbetdeşdir, seni erbetlige yrmaýan dostdur, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr, ol ýalan söz bilen saňa ýaranjaňlyk etmeýän aldawçylyga ýüz urup, saňa mekirlik etmeýän, saňa garşy hile gurmaýan, seniň malyňy eliňden almak islemeýän şärikdeş işdeşdir». Hatda tanymal lukman we tebigat ylymlarynyň ussady Dawut Antaky at-Türkiniň «Tezkiretu ulul-elbab» atly eserinde söýginiň dermany hökmünde hem kitap okamaklyk maslahat berilýär: «Söýginiň iň gowy dermany wysaldyr, birek-birege gowuşmakdyr. Wysal miýesser etmese, taryhy we ylmy kitaplary okamak arkaly özüne aram-teselli, ynjalyk tapyp bolýar». Arap şahyry Mütenebbi: «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýip belleýär.

Adam üçin kitap onuň Watanyndan, ekläp-saklan ata-enesinden soňky ezizleriň, eý görülýän mukaddeslikleriň sanawyna girýän bolsa gerek.

Kitap — bilimler çeşmesi. Kitabyň üsti bilen ähli zady bilip bolýar, öwrenip bolýar. Kitap —halypa. Ol saňa bilmek isleýän ähli zadyňy öwreder. Özem hiç ýadamaz hem ýaltanmaz. Saňa islän wagtyň öwretmäge taýýardyr. Kitap — hazyna. Sen okap-okap, susup aldygyňça, ol hiç egsilmez. Gaýtam, ýene okamagyňy dowam etdiriberseň, ol saňa bir topbak «açar» berer. Şol açarlaryň her biri durmuşda bir gapyny «açyp berer». Söýgiň gapysyny, sözüň gapysyny, rysgalyň gapysyny... Adamyň ömründe welin, açmaly gapysy örän kändir. Şol gapylary açyp bilmek ukybyňa garalyp hem adama baha berilýändir. Iň soňunda-da şol bahaň bilen bu dünýäden ugradylarsyň. Onsoň, seniň işleriňi —edip ýetişmedik gowy işleriňi seniň perzentleriň dowam etdirerler. Eger sen olara wagtynda durmuşyň iň esasy zady — kitap okamagy öwreden bolsaň, onda seniň bagtyň getirdigidir. Ömrüň dowamat dowamdyr. Kitap okamagy, kitaby söýmegi öwreneliň hem çagalarymyza öwredeliň!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 97
  • 23.05.2019