MAKALA

Bentler

Ýaşlykda yşkyňa düşüpdim çendan,

Seni ýüregimden söýüpdim çyndan.

Maňa golaý bolup görünen dilber,

Gezipdirin guwanyp seň daşyňdan.

* * *

«Aýdym aýtsaň, sazy menden heňi bar»

Her kişiň özüniň taýy-deňi bar.

Baharda açylan gyzyl bägülleň

Arasynda has üýtgeşik reňňi bar.

* * *

Ula-kiçä hormat goýmagy başar,

Halal işläp, halal iýmegi başar.

Meň saňa sargydym özgäňkini däl,

Ilki öz kemiňi duýmagy başar.

* * *

Akyl berme, özüňde şol ýok wagty,

Söz berme, adamlaň sözden dok wagty.

Agzybirlik hemem abadançylyk

Maşgala-ojagyň iň eziz bagty.

* * *

«Gözlerinde oky bolsa atjakdyr»

Şeýdip, maksat-myradyna ýetjekdir.

Atasynyň abraýyna göz dikýän

Ogul bu dünýäden namut ötjekdir.

* * *

Ir säher seredip Günüň dogşuna,

Ýazyber ne gelse göwün hoşuňa.

Il baha kesýändir, ýadyňda sakla

Ýazan goşgularňa, eden işiňe.

* * *

Gaýrata daýanyp, gujur tapdym men,

Kyn işe topulyp, ejir tapdym men.

«Deň etmän duş etmen» diýileni çyn,

Edil özüm ýaly kejir tapdym men.

* * *

Dünýämizde aýdym bolsun, saz bolsun,

Parhy ýokdur ogul bolsun, gyz bolsun.

Her edýän işinde görünsin kalby

Haýallyga ýol bermesin, tiz bolsun.

* * *

Bu dünýä şeýlebir gözel görünýär,

Şanyna aýdym-saz gazal görünýär.

Gaýgy-aladasyz owadan ýurtda

Ýaşamagam juda hezil görünýär.

* * *

Şahyr-ýazyjylar eser dogurýar,

Söýgi ýüreklerde heser dogurýar.

Daňyň atanyny buşlaýan horaz

Sesi bilen süýt dek säher dogurýar.

* * *

Dost diýeniň algyr bürgüt bolmaly,

Ýykylan günüňde söýget bolmaly.

Dostsyraýan dostsumaklaň dilinde

Hemişe sen hakda gybat bolmaly.

* * *

Ene mähri zyýadadyr bar zatdan,

Heý, onam çykaryp bolarmy ýatdan?!

Aglap ýatan çaga ynjalyk tapýar

Enäniň mährinden inýän ak süýtden.

* * *

Aýdymam goşgudan döreýär ilki,

Haýyrlyk goňşudan döreýär ilki.

Ähli zadyň başlanyşy enaýy

Adam dyzanaklap ýöreýär ilki.

* * *

Edýän pikirlerim dogrudyr meniň,

Ýolum halallygyň ugrudyr meniň.

Ir säher oýanyp, ýüze sylýanym

Dogup gelýän Günüň nurudyr meniň.

 

Myratgeldi Hallyýew

  • 103
  • 23.05.2019