MAKALA

Dünýäniň iň tiz otlulary

Dünýäde iň çalt gidýän otly Ýaponiýada döredilendir. «Şinkansen» atly bu otlynyň tizligi adaty ýolda sagatda 443 kilometre ýetip bilýär. Magnitli otly ýolunda ol 581 km/sag tizlikde hereket edip, dünýä rekordyny goýmagy başardy. Bu otly birbada 16 sany ýolagçy wagonyny çekip bilýär. 1964-nji ýylda döredilen bu otly häzirki wagtda Osako hem-de Tokio şäherleriniň arasynda gatnaýar. Şu aralygy ol bary-ýogy 2 sagat 25 minutda geçip bilýär. Şinkanseniň tizliginiň ululygyna garamazdan, ol iň rahat otly hökmünde-de bilinýär.

* * *

Dünýäniň iň uly tizlikli otlularynyň hatarynda «TGV»-ni (Train à Grande Vitesse) görkezmek bolar. Bu otlynyň ady fransuz dilinden terjime edilende «iň tiz otly» diýmekligi aňladýar. Şu kysyma degişli «TGV Atlantique» otlusy barlag geçirilip görlende sagatda 515,3 kilometr tizlik bilen hereket etmegi başardy. TGV POS kysymy bolsa 574,8 km/sag tizligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. Häzirki wagtda bu otly Fransiýada iň tiz otly hasaplanylýar.

* * *

Hytaýda döredilen «Şanhaý Maglew» otlusy hem tizligi babatda aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sebäbi bu Hytaýyň iň çalt hereket edýän otlusy bolmak bilen, sanawda öňdäki orunlary eýeleýär. Bu otly 2004-nji ýylda Şanhaýda döredilýär. Onuň gurluşygyny hytaý we nemes hünärmenleri bilelikde alyp barypdyrlar. Bu otluda barlag geçirilip görlende 501 km/sag tizlikde hereket etmegiň hötdesinden gelipdir. Adaty wagtda ol sagatda 431 kilometr tizlikde hereket edýär. Bu otly şäher merkezinden aeroporta çenli bolan 30 kilometri bary-ýogy 7-8 minutda geçip bilýär.

* * *

Dünýäniň iň tiz otlularynyň sanawynda ýene bir Hytaý otlusyna aýratyn orun berilýär. «CRH380A» atly bu otly 481,6 km/sag tizlikde hereket edip, bu babatda öňdäki ýerleriň birini eýeleýär. Hytaýyň «CSR Qingdao Sifang Locomotive» we «Rolling Stock» kompaniýalary tarapyndan döredilen bu otly birbada 8 ýolagçy wagonyny çekip bilýär. Umuman, bu otly 494 ýolagçy üçin niýetlenipdir. 2010-njy ýylda işe başlan otlynyň ilkinji gatnaw eden ugry Şanhaý-Nankindir. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa ol Uhan-Guanç­žo we Şan­haý-Hanç­žo ara­ly­gyn­da ýo­lag­çy­lara hyzmat edýär.

* * *

Dünýäde iň tiz hasaplanylýan otlularyň biri-de Ispaniýada döredilipdir. Oňa «AVE Talgo-350» diýip at berýärler. «AVE» sözi ispan dilinden terjime edilende «guş» diýmekligi aňladýar. Şonuň üçin ispanlar bu belgi bilen ähli tiz hereket edýän ulaglary belgileýärler. «AVE Talgo-350» otlusy hem birbada 318 ýolagçyny alyp, 365 km/sag tizlik bilen hereket edip bilýär. Bu Ispaniýanyň iň tiz hereket edýän otlusy hasaplanylýar. Häzirki günde bu otly Madrid — Walýadolid, Mad­rid — Bar­se­lo­na aralygynda gatnawy amala aşyrýar.

* * *

Italiýada döredilen elektrik otlusyna hem sanawda öňdäki orunlaryň birini eýelemek başardypdyr. «ETR-500» («Elettro Treno Rapido 500») diýlip atlandyrylan bu otlynyň iň aňrybaş tizligi sagatda 362 kilometre deňdir. Bu otly 1993-nji ýylda döredilipdir. «ETR-500» atly otly Boloniýa — Flo­ren­si­ýa ara­ly­gyn­da ýo­lag­çy­lara hyzmat edýär. Ol Boloniýadan Milana çenli bary-ýogy 56 minutda ýetip bilýär. Ýakynda bu otlyny döredijiler, onuň täze kysymyny döretmekligi meýilleşdirýärler. Has dogrusy, «ETR-1000» diýlip atlandyryljak täze otly 400 km/sag tizlik bilen hereket edip biler.

* * *

Iň tiz otlularyň birine-de Günorta Koreýada gabat gelmek bolýar. Döwrebap tehnologiýalar ulanylyp ýasalan «KTX Sancheon» otlusynyň gurluşygyny «Hyundai Rotem» kompaniýasy alyp barypdyr. Bu otly Fransiýanyň TGV-ne kybapdaş edilip döredilipdir. «KTX Sancheon» 363 sany ýolagçyny öz içine alyp bilýär. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 352 kilometre deňdir. Günorta Koreýanyň iň tiz otlusy hasaplanýan KTX Sanche­on Ýon­san — Kwanç­žu — Mokp­ho we Se­ul — Pu­san ugur­la­ry aralygynda gatnawlary amala aşyrýar.

* * *

Beýik Britaniýanyň «Eurostar» atly otlusy hem tizligi babatda tapawutlanýar. Ol eýýäm birnäçe ýyllardan bäri ýolagçylara diňe bir Beýik Britaniýanyň içinde däl-de, daşary döwletlere gitmekde hem uly hyzmat edip gelýär. Sebäbi ol Beýik Bri­ta­ni­ýa — Bel­gi­ýa — Fran­si­ýa aralygynda gatnawy amala aşyrýar. Onuň ýol ugrunda uzynlygy babatda dünýäde ikinji orny eýeleýän «La-Manş» atly ýerasty demir ýol geçelgesi hem bar. Bu otlynyň iň aňrybaş tizligi 334,7 km/sag-a deňdir. Ol birbada 900 ýolagça hyzmat edip bilýär. «Eu­ros­tar» Lon­don­dan Pa­ri­že 2 sa­gat 16 minutda ýetip bilýär.

 

Jangeldi Işankulyýew,

Çärjew etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy

  • 76
  • 23.05.2019