MAKALA

Ýaňlanýar «Soňky jaň» sesi

Şu gün ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mekdepleriň uçurymlary üçin «Soňky jaň» güni täze, özbaşdak durmuşa gadam goýulýandygyny aňladýar.

«Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak baýramçylyklaryň biri. Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde soňky jaňyň kakylmagy bagtyýarlyk döwrümiziň uçurymlary üçin täze belentliklere, aýdyň ýollara çagyryşdyr. Bu gün özbaşdak durmuşa gadam urýan uçurymlaryň müňlerçesi üçin dabaraly we tolgundyryjy pursatlardan doly. Hut şu gün täze okuw ýylynda ilkinji gezek mekdebe barýan körpelere bilimler dünýäsiniň «Altyn açary» gowşurylýar, olara kämillik dünýäsine aralaşmaga ak pata berilýär. Bu gün ýaşlaryň, ata-eneleriň, mugallymlaryň adyna şirin sözler, süýji arzuwlar aýdylýar. Hormatly Prezidentimize alkyşlar has-da joşgunly ýaňlanýar.

25-nji maý! Baýramçylyk ruhy, bahar joşguny, gülleriň ysy, çagalaryň gülküsi. Aşgabat şäheriniň gününe mahsus şeýle ajaýyplyklaryň goýnunda gujagy gül çemenlerinden doly mekdep uçurymlarynyň säher bilen milli mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana söýginiň çäksizliginden nyşan.

Esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzda guralýan çärelere her welaýatdan okuwda aýratyn tapawutlanan we işeňňirlik görkezen uçurymlar gatnaşýarlar.

Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi! Aşyklaryň şäheri bu gün edil aşyklaryň ýüregi ýaly joşgunly. Şäheriň gününiň «Soňky jaň» dabaralarynyň güni bilen gabat gelmeginde aýratyn many-mazmun bar. Bu gün paýtagtymyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen uçurymlary jebisleşdirýär. «Soňky jaň» dabaralary agzybirligiň, dostlugyň, mähribanlygyň baýramyna öwrülýär. Aşgabatdaky, welaýat merkezlerindäki hünär bilimi ojaklary uçurymlary täze ylym-bilim gözýetimlerini gulaçlamaga çagyrýar. Olara daşary ýurtlaryň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde-de okamaga mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen uly abraý-mertebe gazanýar. Bu gün ak mekdebi tamamlaýan uçurymlar hem geljekde kämil hünär öwrenip, ýurdumyzy ösdürmäge, rowaçlandyrmaga goşant goşarlar, ata Watanymyzyň daýanjy bolarlar.

Ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýarlyk döwrümizde bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady düýpli pugtalandyrylýar. Bu ugurda bilim bermegiň täze ülňüleri, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ähli bilim edaralary üçin internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda: «Umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermelidiris» diýip belledi. Bu duşuşykda jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak barada aýdyldy.

 Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy we ony iş ýüzüne geçirmegiň meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi maksat edinýän konsepsiýanyň çäklerinde okuw mekdeplerinde alynýan bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

Goşa baýramçylygyň ruhubelentliginden kalby joşgunly uçurymlara geljekki gutardyş döwlet synaglarynda we durmuş ýollarynda uly üstünlikler arzuw edýäris. Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Rahmanberdi Gökleňow,

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.

  • 129
  • 25.05.2019