MAKALA

Ýeňişleriň höwri köp bolsun!

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu çempionata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan türgenler dürli agram derejesinde gatnaşdylar. Çempionatda olar başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgeni Daýanç Aşyrowyň hem bolmagy buýsançlydyr. Çempionatda Daýanç Aşyrow birbada götermekde 152 kg, itekläp götermekde 170 kg agramy göterip, birinji orna mynasyp boldy.

Daýanç Aşyrow ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterýär. 2017-nji ýurdumyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna, ýene şol ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp, öz şahsy rekordlaryny täzelemegi başardy.

Häzirki wagtda Daýanç Aşyrow paýtagtymyzda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde öz türgenleşiklerini alyp barýar we geljekki ýaryşlara ýokary derejede taýýarlanýar. Geljekde türgenimize ýurdumyzyň sport aýrabyny belende götermegini arzuw edýäris.

Türgenlerimize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolun aýdýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başy dik, jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 55
  • 25.05.2019