MAKALA

Ýeňşiň gutly bolsun, serhetçi türgen!

2019-njy ýylyň 24-26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde sportuň sambo we söweş sambo görnüşi boýunça 19-njy «Grand Pri Pariž» halkara ýaryşy geçirildi. Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen bu halkara ýaryşa hatarynda on ýedi türgen, üç tälimçi we bir emin bolan Türkmenistanyň wekilçilikli topary hem gatnaşdy.

Ýurdumyzyň Milli ýygyndy toparynyň düzüminde bu abraýly halkara ýaryşa gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Babajan Iwadullaýew +100 kg ýokary agram derejesinde baýrakly 1-nji orny eýeledi. Serhetçi türgen Babajan Iwadullaýewiň bu üstünligi onuň ýurdumyzyň sport abraýyna goşan goşandynyň nobatdakysy boldy. Babajan öň hem şeýle halkara ýaryşlaryň ençemesinde çykyş etmek bilen, baýrakly orunlary eýeläp, ýaşyl Baýdagymyzy belende göterdi. Onuň gazanan bu gezekki ýeňşi bizi çäksiz begendirdi.

Türkmen türgenlerine şeýle halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, başarnyklaryny görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 105
  • 27.05.2019