MAKALA

Watanyň merdana ogullary

Maňa welaýat harby wekilliginde harby gulluga gitmeli ýaş ýigitler bilen geçiriljek duşuşyga gatnaşmalydygymy we ol ýerde çykyş etmelidigimi aýdanlarynda kalbyma biraz tolgunma aralaşman hem durmady. Meniň ýadyma bada-bat özümiň gulluga ugran günüm, harby wekilligiň bosagasynda özüm ýaly harby gulluga gitjek deň-duş oglanlar bilen üýşüp duran pursatlarymyz düşdi. Gör, indi ondan bäri näçe ýyl geçipdir. Ol ýyllardan bäri bu harby wekillikde şeýle dabaralar, gör, näçe ýola geçirilendir?!

Bellenilen gün harby wekilligiň howlusyna baranymda, ol ýere jemlenen myhmanlar, geçiriljek çärä görlen taýýarlyk dabaranyň uludan tutuljakdygyndan habar berýärdi. Hakykatdan hem bu möhüm çäre neneň uludan tutulmasyn?! Maşgalasynda ogul perzendi dünýä inse «bir ýumrugymyz köpeldi» diýip begenen türkmen, mukaddes topragyň goragyny durmuşynyň esasy manysy saýýar. Onsoňam harby gulluk ýigitler üçin synag hem terbiýe, iň esasy-da durmuş, taplanyş mekdebi ahyry. Guşuň jüýjeleriniň ulalyp, wagty gelende höwürtgelerini terk edip gidişleri ýaly, ata-enäniň hem perzentleri wagtyň geçmegi bilen öýli-işikli, özbaşdak maşgalaly bolýarlar. Mundan öň ata-enesiniň saýasynda aladasyz ulalan ogul, indi öz hojalygyny dolandyrmaly, belli bir hünäriň başyny tutup, halal zähmeti bilen maşgalasyny eklemeli bolýar. Şeýlelikde, ýigit üçin durmuşyň ýeňil bolmadyk jogapkärli ýollary açylýar. Ine, şol pursatlarda hem öňde goýan maksadyň myradyna gowuşmagynda her bir ýigit üçin harby gullugyň örän möhüm orny bar.

Bu gün harby wekilligiň howlusynda ýaş ýigitleri harby gulluga ugratmak dabarasy hem şeýle mazmundaky çykyşlara baý boldy. Dabara hormatly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, serkerdeler düzümi gatnaşdylar. Onuň dowamynda harby gulluga ruhlandyryjy çykyşlar — watansöýüjiligi, mertligi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dost-doganlyk serhedimizi goraýan serhetçileriň wepaly ýardamçysy bolan gulluk itleriniň ajaýyp görkezme çykyşlary bolsa hemmelerde täsir galdyrdy.

Öz gezeginde çykyş etmek üçin münbere çykan, ak sakgaly agras ýüzüne gelşip duran ýaşulynyň ýigitlere beren öwüt-ündewleri, megerem, ony diňlänleriň ýatlaryndan uzak wagtlap çykmasa gerek...

— Ogullarym, siz indi ýigit çykypsyňyz. Ata-babalarymyz siziň ýaşyňyzda ençeme döwletleri gurupdyrlar, olary adyllyk bilen dolandyrypdyrlar. Siz olaryň nesillerisiňiz. Bu gün bolsa siz şu ýerden Watan goragyna sary ugraýarsyňyz. Watan mukaddeslikleriň iň beýigidir. Çünki ynsan üçin bar bolan ähli ezizlikler şu Watanyň goýnunda jemlenýändir. Şonuň üçin Watany goramagam mukaddeslikdir!

Men çykyşlary diňläp, töweregime nazar aýlap oturyşyma, bu ýigitleri esger lybasynda, ýurt goragynda eserdeň gulluk alyp barýan pursatlarda göz öňüme getirdim. Şol wagt hem filolog Döwletgeldi Hallygylyjowyň «esger» sözüniň manysy hakynda ýazan şeýle setirleri hakydama doldy:

...«Eserdeň» sözüniň manysy — «ägä», «hüşgär», «seresap», «pähimli hereket edýän» diýmegi aňlatsa, «Gerçek» sözi — «edermen», «batyr», «çyn är» diýen manylary bolan gadymy türkmen sözüdir. Türkmen serkerdeleri wagtyň geçmegi bilen bu söz düzümini gysgaldyp, ondan «Esger» diýen çuň manyly harby adalgany döredip, türkmen diliniň söz baýlygyny kämilleşdirmäge-de öz goşantlaryny goşupdyrlar...». Ynha-da aňyrdan gelen ýolagçy ulagynyň duraryna mähetdel ýigitler, hatara düzülip, otly menziline tarap ugradylar. Men bolsa öz ýanymdan süýji arzuwlar bilen olaryň yzyndan seredip, «Sag gidip, aman geliň, Watanyň merdana ogullary!» diýip, öwran-öwran gaýtaladym.

Kamar Saparow.

  • 62
  • 28.05.2019