MAKALA

Arassa ýangyçly ulaglar

Uly şäherlerde howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda 2030-njy ýyldan başlap benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglar çäklendiriler. Şäheriň mejlisi bu kararyň howanyň arassalygyny üpjün etmek maksady bilen we ýaşaýjylaryň saglygy göz öňünde tutulyp alnandygyny belleýär.

Ýurtda sagdyn-durmuş ýörelgelere eýerýänler köp. Munuň üçin ähli şertler hem döredilen. Ýurduň ýaşaýjylary gündelik durmuşda welosipedden has köp peýdalanýarlar. Muňa garamazdan, kä halatlarda ýurduň iri şäherlerinde, esasan hem, Amsterdamda, Rotterdamda ýol hereketinde ulaglaryň köp wagty howada emele gelýän hapa gazlar Ýewropa ülňüleriniň çäginden geçýär. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmenleri maşynlaryň tüsse çykarlaryndan çykýan gazlar belli bir derejeden ýokary bolsa, adamyň dem alyş ýollaryna zeper ýetirmeginiň mümkindigini aýdýarlar. Şu sebäpler şäher mejlisiniň täze karar kabul etmegine getiripdir. 2030-njy ýyldan başlap, şäheriň çäginde diňe elektrik ýa-da wodorod ýangyçly ulaglaryň sürülmegine rugsat ediler. Şeýle hem indiki ýyldan başlap, şäherde 2005-nji ýyldan ozal öndürilen dizel hereketlendirijili ulaglaryň şäheriň kä ýerlerinde sürülmegi gadagan ediler. Şeýle hem jemgyýetçilik ulaglarynyň has arassa ýangyçly görnüşlerinden peýdalanylar. 2022-nji ýyldan başlap, dizel ýangyçly awtobuslaryň şäheriň belli ýerlerine girmegi çäklendiriler. Arassa ýangyçly ulaglaryň ulanylmagy üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Häzirki wagtda Amsterdamda elektrokarlar üçin 3 müň töweregi zarýad beriş bekedi bar. 2025-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 23 müňe ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Dünýäde 2016-njy ýyldan başlap şäherleriň howasynyň arassa bolmagy üçin çynlakaý taslamalar durmuşa geçirilip ugraldy. Ýerli häkimiýetler, esasan hem, syýahatçylaryň köp barýan ýerleriniň arassa bolmagy üçin has köp tagalla edýärler. Germaniýanyň Berlin, Italiýanyň Rim, Ispaniýanyň Madrid we Fransiýanyň Pariž şäherlerinde dizel ýangyçly ulaglara çäklendirme girizildi. Iri şäherlerde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin tölegsiz awtoduralga, söwda merkezleri we beýleki gelim-gidimli ýerlerde elektrokarlar üçin tölegsiz zarýad nokatlary döredilýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 77
  • 28.05.2019