MAKALA

Döwlet synaglary dowam edýär

Galkynýan, abraýly mertebesi belentliklere göterilýän ata Watanymyzyň geljegi ilkinji nobatda ylymly, bilimli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan, başarjaň ýaş nesillere baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öz saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmäge, şol bir wagtda dünýä dillerini bilmekleri üçin hem giň şertler bar. Şeýle ýokary okuw mekdepleriň biri hem Türkmenistanyň Serhet institutydyr. Serhet institutynda ýokary bilimli serhetçi serkerdeleri taýýarlamakda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan geljekki serkerdelere okamaga, bilim almaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, dürli mowzuklarda ylmy işleri ýazmaga ähli şertler döredilen. Şol şertlerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi talyplar ýurdumyzda geçirilýän ylmy bäsleşiklere hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Häziki wagtda instituty tamamlaýan harby talyplar degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrýarlar. Talyp ýaşlar özlerine düşen synag sowalnamalaryna dürs we dogry jogap berip, bu dersler boýunça ýokary derejede taýýarlanandyklaryny açyp görkezýärler. Bulardan başga-da, talyp ýaşlarlar ýazan diplom işleri boýunça hem synag tabşyrýandyklaryny aýtmak bolar.

Biz hem geljekki serhetçi serkerdelere Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, öz göwün söýen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryny arzuw edýäris.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 86
  • 30.05.2019