MAKALA

Başymyzyň täji Watan

Şeýle bir ownuk zatlar bolýar, bütin dünýä sygmaýar. Şeýle bir uly zatlar bolýar, kindiwanja ýürege ýerleşýär. Ana, şol ýürege ýerleşýän ullakan zatlaryň esasysyna hem Watan diýilýär. Meger ýüreklere ýerleşýän zatlaryň içinde Watandan uly zat ýok bolsa gerek. Ýurtlaryň ulusy-kiçisi bolsa-da Watanyň kiçisi bolmaýar. Çünki Watan diýen sözüň özi biziň aňymyzda kiçi sözüniň antonimi, uly sözüniň sinonimi bolup galypdyr. Şonuň üçin hem Watanyň beýikligini akyl bilen, ululygyny sajyn bilen ölçäp bolmaýar, Watany diňe söýüp bolýar. Özi hem ony beýikligi üçin däl-de, özüňkiligi üçin söýülýär. Çünki Watanyň mukaddes topraklaryna mert pederlerimiziň päk yhlasy hem gany siňdi. Olar bizi şu günki bagtyýar günlerimize ýetirýänçäler gör, näçe gowgalary başlaryndan ötürdiler.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty eşretli durmuşda ýaşaýar. Türkmen halkynyň bagtyýar günleriniň dowamatynyň dowam bolmagy üçin Watany goramak her bir kişiniň baş borjudyr. Bu meselede aýratyn ýük Watanymyzyň polat galasy — Döwlet serhedimiziň goragynda gije-gündiz sak durýan serhetçilerimize düşýär. Watanymyzyň serhetleri biziň daşymyzyň galasydyr.

«Terki dünýä eýleýir, gelse rakyp gaşyna,

Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy».

Ata-babalarymyzdan gelýän dessur bar. Maşgalada gyz çaga dünýä inse, «Baý bolduk», ogul perzent dünýä inse, «Ýene bir ýumrugymyz artdy» diýilýär. Onsoň ogul perzendiň dünýä inmesini bir ýumrugy artdy hasap edýän halkymyzyň Watan goragyna neneňsi çynlakaý çemeleşýändigini düşündirip oturasy iş hem ýok. Ertirki gün Watan goragynda durjak döwletli perzendi ýetişdirmegi her bir ene-ata özüniň başynyň parzy hasaplaýandygynyň hem asyl sebäplerini şu ýerden gözlemeli bolsa gerek. Diňe şeýle bolanynda, Watany başyna täç edinýän gerçekler bu topragyň goragynda duranynda iller aman, ýurt abadan bolýar.

«Gapyl galmaz döwüş güni har olmaz,

Gargyşa, nazara giriftar olmaz,

Bilbilden aýrylyp solup saralmaz,

Daýym anbar saçar güli türkmeniň».

Gadym-gadym zamanlarda ynsan Ýerde ýaşap başlan ilkinji gününden goranyp başlapdyr. Ilki gowaklaryň agzyna äpet-äpet daşlary söýäpdir. Soň ýyrtyjylardan goranmak üçin daşdan palta ýasanypdyr. Zeminiň ilaty artyberensoň bir taýpa beýleki taýpadan goranmak üçin naýza, ýaý ýasanypdyr. Soň-soňlar däri gollanyp başlapdyr. Men şu zatlar hakynda okanymda «Heý, ynsan balasy öz peýwagtyna gezibereninde bolmaýarmyka. Bu dünýä gelip, köp ýaşasaňam-a Göroglynyň ýaşyny ýaşarsyň» diýip oýlanýaryn. Mazaly «kelle döwüp» otursaň welin, bu düşünjämiziň Watan babatda ýerlikli däldigine düşünýärsiň. Çünki Watan Göroglynyň ýaşyny ýaşap oňmaýarda, Göroglynyň ýaşyny ýaşajak müňlerçe nesli ýetişdirýär. Watan baky ýaşaýar. Watanyň ýaşyny kesgitlemek başartsa-da, ömrüni kesgitlemek hiç kese başartmaz.

«Gurdugym aslynda bilgil, bu Zeminiň myhydyr

Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy».

Napoleon Bonapart: «Watanyňy terk etmek üçin akyla sygardanam çökder peslik gerek» diýýär. Beýik Pyragyda bolsa şeýle setirler bar:

«Gel köňlüm saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip gidiji bolma».

Şu setirdäki «Watany terk etmek» diýen söze ynsanyň diňe bir fiziki taýdan Watanyndan daşlaşmasy diýip düşünmek dogry bolmaz. Bu ynsanyň öz Watanyny ýüreginden çykarmasy diýmekdir. Ynsan üçin Watandan ýokarda, il-günden ýokarda mukaddeslik bolmaga haky ýokdur. Türkmen halkynyň arasynda asyrlardan-asyrlara ýaşap gelýän «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» diýen atalar sözüniň özi hem bu halkyň uýýan ynamlarynyň kepilnamasydyr.

Bu setirlerden görünýän manyny mazaly aklyňda aýlap göreniňde beýik bir hakykatyň üsti açylýar. Bu pikiri şeýle owadan edip aýtmak diňe Magtymgula başardar diýip oýlanýarsyň. Ýaňy hem ýaňzydyşymyz ýaly «terk etmek» diýen düşünje fiziki terk etmek manysy bilen bir hatarda Watana bolan söýgüniň kepemegi manysynda hem beýan edilýär. Şonuň üçin hem Pyragy öz köňlüne ýüzlenip, oňa Watany terk etmezligi wesýet edýär. Çünki Magtymguly Watan duýgusynyň ýürekden öçmesiniň näderejede elhenç zatdygyna gowy düşünen ynsan. Ol ynsanyň özi bilen Watanyny biri-birinden aýry zat hökmünde däl-de, bir bitewi zat hökmünde gören ynsan. Watan bilen ynsanyň bir jan-u, bir tendigi hakynda köne kitaplarda gowy bir kyssa bar.

Ir döwürlerde bir adam orta ýaşa baranynda öz dogduk Watanyndan çykyp, başga bir ýurtlarda ýaşap görmegi ýüregine düwüp, uzak-uzak ülkelere tarap ýola düşüpdir. Ýöräp-ýöräp ahyry hyýalyndaky ýaly gözel hem baý ýurda barypdyr. Ol ýerden köşk satyn alyp, hanlar ýaly ýaşapdyr. Tüçjar baýlar ýaly naharlanyp, şalar ýaly kaşaň geýnipdir. Muňa garamazdan, hemişe oňa bir zatlar ýetmeýän ýaly bolup durupdyr. Ýüreginden bir bükgüldijik aýrylmandyr. Özüne nämäniň ýetmeýänini bolsa, hiç bilip bilmändir.

«Watanymda han idim,

Hanlara perman idim,

Dertlere derman idim,

Misgine dükan idim,

Jansyzlara jan idim,

Neýleý indi biçäreýim».

Ine, günlerde bir günem ol aý-aýdyň gijede arkan düşüp ýatyrka, ýakyndan kimdir biriniň Watan hakynda aýdýan zaryn aýdymy gulagyna ilipdir. Şol pursat özüne ýetmeýän zadyň Watandygy, göbek ganynyň daman topragydygy hakydasyna gelipdir. Köşgüni, han gününi taşlap, göbek ganynyň daman topragyna, Watanyna sary ugrapdyr. Dogduk mekanyna ýakynlaşdygy saýy dünýäniň ähli baýlygyny ýygnanyňda hem Watan söýgüsini satyn alyp bolmajakdygyna göz ýetiripdir. Çünki Watana gidýän ýol ynsanyň öz-özüne tarap gidýän ýoldur.

Ine, Watanyň şunuň ýaly mukaddesdigi üçin ata-babalarymyz Watan goragyndaky esgerleri, arkalarynyň söýgedi, başlarynyň täji hasaplapdyrlar. Halkyň sag ýatyp, aman örmesi üçin kirpigini gyrpman sak durýan Watan ogullaryny, merdana türkmen ýigitlerini şahyrlar wasp edipdirler.

«Ýüz namart ýerin tutmaz bir merdiň,

Mert çeker täsibin iliň, ýuwurdyň».

Ýa-da

«Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda

Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir».

 

Myratgeldi Berdiýew.

  • 79
  • 30.05.2019