MAKALA

Serhetde taryhy gün

Öz gulluk alyp barýan serhet birikmelerine hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gelmegi, bu ýerde gulluk edýän serhetçiler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli şahsy düzümi üçin ýatda galyjy taryhy pursatlara öwrülip, hemmeleriň kalbyna çäksiz buýsanç paýlady.

Hawa, hormatly Belent Serkerdebaşymyz baharyň hoştap howasynda serhet birikmä Şa gadamyny basdy. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa serhet birikmäniň serkerdesi serhet birikmesine mübärek gadamynyň düşmegi mynasybetli şahsy düzümiň nyzama duruzylandygy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, merdana serhetçiler bilen mähirli salamlaşdy hem-de olary ýurdumyzda giňden dabaralanýan, döwlet berkararlygymyzyň berk binýady bolup hyzmat edýän, goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzdan baýramçylyk gutlagyny eşiden serhetçileriň kalp joşgunlary «Ura!» diýen buýsanç bilen nyzam meýdançasynda yzly-yzyna üç gezek ýaňlandy. Soňra milli Liderimiz serhetçi esgerleriň tutanýerli gulluklary we olara döredilen döwrebap şertler bilen içgin gyzyklandy. Şol bir wagtda hem olaryň gullukdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy.

Arkadag Prezidentimiz sözüni dowam edip, Döwlet serhedimiziň goragçylaryna geçmiş taryhymyzdan şu günki günlerimize çenli kämilleşdirilip getirilen milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy barada gyzykly gürrüňleri berdi. Bu gymmatlyklaryň ikisiniň, ýagny bedew atlaryň hem-de alabaý itleriň serhetçileriň gulluklarynda ýakyn ýardamçylarydygyny hormatly Belent Serkerdebaşymyz öz sözünde belledi. Ýurt Baştutanymyzyň alabaý itleriniň eýesine wepadarlygy hem olaryň görkezen gaýduwsyzlygy baradaky gürrüň beren rowaýatlary serhetçi esgerlerde iňňän uly täsir galdyrdy. Şol gün hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhetçi esgerlere mukaddes araçäklerimizi goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat berdi. Serhetçi esgerleriň içinden esger Hatam Çaryýew ähli serhetçileriň adyndan öz gymmatly wagtyny sarp edip, serhet birikmä gelendigi, serhetçileriň hal-ýagdaýy bilen yzygider gyzyklanýandygy we harby gullukçylaryň gulluk-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda atalyk aladalary edýändigi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza esger kalbyndan çykýan sagbolsunyny beýan etdi.

Hakykatdan hem, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmesine gelmegi taryhy pursat boldy. Munuň özi bolsa biz — serhetçiler hakyndaky aladanyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçilere sowgat beren alabaý güjüjeklerine geljekde tälim öwredip, Döwlet serhedimiziň goragynda giňden peýdalanarys. Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny barha pugtalandyryp, serhetçiler hakyndaky aladany döwlet meseleleriniň ileri tutulýan ugry hasaplaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 Myratgeldi Hallyýew.

  • 125
  • 30.05.2019