MAKALA

Seniň ýaşyňda

Osman türkmenleriniň soltany Sü­leýman Ka­nu­ny­ hakynda

Ka­nun­lar — döw­le­tiň aý­ryl­maz bölegi. Jemgyýetde asudalygy, düzgün-tertibi üpjün edýän kanunlar, döwletiň goragynda durýan goşun, kanunlaryň bozulmagyna garşy göreşmek üçin kazyýet ulgamy bolmasa, döwleti dokuzy düzüw, bitewi görnüşde göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan miras galan döwlet dolandyryş dessurymyza ser salanymyzda, türkmen hökümdarlarynyň elmydama adalata gol ýapmak, kanunlaryň rüstemligini gazanmak syýasatyny ýöredendigine göz ýetirýäris. Döwletde ýönekeý raýatlardan başlap, soltana çenli kanunlara boýun egip ýaşamagyny gazanyp bilen, hut şonuň üçin hem «Kanuny» lakamyny alan, özüniň kanunlar ýygyndysy arkaly tutuş dünýä meşhur bolan Osman türkmenleriniň soltany Sü­leýman Ka­nu­ny­nyň hökümdarlygy hem türkmenleriň eýýäm orta asyrlarda hukuk döwletini gurandygyna şaýatlyk edýär.

Osman taryhy çeşmelerinde «Gazy» we «Kanuny», Ýewropa çeşmelerinde bolsa «Ajaýyp», «Beýik» lakamlary bilen meşhur bolan Sü­leý­man I (1494 — 1566 ý.) Os­man türk­men­le­ri­niň döwletiniň 10-njy soltanydyr (hökümdarlyk ýyl­la­ry 1520 — 1566 ý.) Ol Se­lim I-niň Hafsa soltan atly aýalyndan bolan ogludyr. 26 ýa­şyn­da soltanlyk tagtyna geçýänçä, Şebingarahisar, Bolu, Kafa, Saryhan sanjaklarynyň begi bolupdyr.

Süleýmanyň tagta çykmagyndan birnäçe hepde soň, Stambula gelen wenesiýaly ilçi Bartolomeo Kontarini ony şeýle häsiýetlendiripdir: «Onuň 26 ýa­şy bardy, boýy uzyndy, berdaşlydy, ýüz keşbi mylakatlydy. Boýny birneme uzynrakdy, ýüzi näzikdi, bürgüt burunlydy. Reňki solgunrak bolsa-da, owadan ýüz keşbi bardy. Onuň okamagy, öwrenmegi halaýan parasatly hökümdardygyny, ähli adamlaryň onuň ýurdy oňat dolandyrjagyna ynanýandyklaryny aýdýarlar».

Süleýman I Osman türkmenleriniň döwletiniň çäklerini has giňelden soltandyr. Onuň hut özi 13 sany harby ýörişe gatnaşyp, şolaryň 10-synyň Ýewropanyň çäklerinde bolmagy Osman döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugrunyň nirä gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. 27 ýaşynda (1521 ý.) Wengriýany, 28-29 ýa­şynda (1522 — 1523 ý.) Ro­dos ada­sy­ny eýeläpdir. Rodos adasy we töweregindäki 12 ada türkmenleriň eline geçipdir. Rodosdaky 214 ýyllap dowam eden haçparaz döwleti ýykylypdyr. Süleýman Rodosyň we töweregindäki adalaryň halkyny 5 ýyl salgytdan boşadypdyr, olara bu ýerde galmaga ýa-da gitmäge erkinlik beripdir. 32 ýa­şyn­da (1526 ý.) Budapeştiň 170 km günortasyndaky Mohaç obasyndaky ýeňşi Süleýman Kanunynyň Ýewropada gazanan ajaýyp ýeňişleriniň biridir. Süleýman Kanuny Mohaç söweşinde dünýä harby sungatynda topuň, ýewropalylaryň oýlaýşy ýaly, diňe bir galalary goramakda ulanylýan ot açyjy serişde däl-de, eýsem, onuň meýdan söweşlerinde hem hüjüm ediji ýaragdygyny subut edipdir. Mohaç ýeňşinde Baly beg ýaly ençeme türkmen serkerdeleri harby ussatlygyň ajaýyp nusgasyny dünýä görkezipdir. Mohaç ýeňşini Süleýmanyň Buda şäherini eýelemegi dowam etdi (1526 ý.). 35 ýa­şyn­da (1529 ý.) Awstriýa guran sapary şowsuz tamamlanypdyr. Wenany eýeläp bilmedik Osman türkmenleriniň goşuny yza dolanypdyr. Esasy maksadyna ýetip bilmedigine garamazdan, Osman türkmen goşuny Ýewropanyň has jümmüşine ýörişler edipdir. Bu ýörişde ilkinji we iň soňky gezek Osman türkmen esgerleri Reýn derýasynyň boýuna çykmagy başarypdyrlar. 38 ýaşyn­da (1532 ý.) Germaniýa ýöriş gurap, german imperatory bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Wengriýa ikä bölünip, bir bölegi Germaniýanyň, beýlekisi bolsa Osman türkmen döwletiniň tabynlygyna geçipdir. 43 ýa­şyn­da (1537 ý.) Italiýa ýörişiniň netijesinde Korf adasyny eýeläpdir. Emma Wenesiýa Respublikasy bilen ylalaşyk baglaşylansoň, yzyna çekilipdir. 44 ýaşyn­da (1538 ý.) Mol­da­wi­ýa (Bog­dan) ýörişiniň netijesinde Prut we Dnestr derýalarynyň aralygyndaky ýerleri Osman türkmenleriniň döwletine tabyn edipdir. 46 ýa­şyn­da (1540 ý.) Wenesiýa bilen ýaraşyk şertnamasyna gol çekip, oňa görä Wenesiýa Osman türkmenlerine 300 müň dukat öwez tölegini tölemäge, Neapol güzerini we beýleki möhüm ýerleri bermäge borçlanypdyr. Süleýman Kanunynyň 40-41 ýa­şyn­da Sefewilere garşy ýörişinde Yrak Osman türkmenlerine doly tabyn edilipdir. Töwriz gaýtadan eýelenipdir. «Nahçywan ýörişi» adyny alan soňky ýörişiň netijesinde Osman we Sefewi döwletleriniň arasynda Amasyýa şertnamasyna gol çekilipdir (1555 ý.). Töwriz merkez bolmak şerti bilen Häzirbegjan, Gündogar Anadoly, Yragy-Arap Osman türkmen döwletiniň golastyna geçipdir.

Süleýman Kanunynyň hökümdarlygy Osman türkmenleriniň döwletiniň iň bir gülläp ösen döwrüne gabat gelýär. Bu döwürde Osman döwleti Germaniýa we Russiýa imperiýalaryndan, Polşa korollygyndan, Wenesiýa Respublikasyndan salgyt alypdyr. Osman imperiýasy Ýewropada çetleşdirilen Fransiýa korollygyny öz hemaýatyna alypdyr. Kanunynyň döwründe tutuş Ýewropa Osman döwleti bilen aýratyn gyzyklanypdyr. Kanunynyň 35 ýa­şyn­da ma­ha­ly, ýagny diňe 1529-njy ýylda Ýewropada Osman döwletine degişli 56 sany kitabyň neşir edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Süleýman Kanuny öz döwrüniň hökümdarlarynyň arasynda Günbatarda-da, Gündogarda-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Oňa günbatarly awtorlaryň soltana beren bahalary-da güwä geçýär. S.N.Fişer ol barada şeýle ýazýar: «Döwrüniň hiç bir hökümdary hem, Ýowuz Selimiň ýeke-täk mirasdüşeri Kanuny Süleýman ýaly oňat bilim alyp, uly döwleti edara edip biljek şekilde ýetişmändir».

Süleýman Kanuny Osman türkmenleriniň döwletini hukuk döwletine öwürmek barada uly aladalar edipdir. Süleýman Kanunynyň emri bilen onuň kanunlarynyň ýygyndysy «Kanun-nameýi a:li Osman» ady bilen neşir edilipdir. Iňlis koroly Genri VII-niň bu döwletiň hukuk, kanunçylyk işlerini öwrenmek üçin ýörite topar ýollap, bu oňyn tejribäni öz ýurdunda giňden ulanmagy ýöne ýere däldir.

Süleýman kanunlar ýygyndysyny taýýarlamagy Halapdan bolan çuň bilimli kazy Ybraýyma tabşyrypdyr. Göwrümi boýunça uly bolan bu kanunlar ýygyndysy XX asyryň kanunçylyk özgertmelerine çenli hereket edipdir. Osman döwletine tabynlykdaky Müsüri dolandyrmak üçin onuň baş kanuny (konstitusiýa) hasaplanýan täze kanunçylyk toplumy işlenip düzülipdir.

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 35
  • 30.05.2019