MAKALA

Üstünligiň syry

Hiç bir üstünlik öz-özünden döremeýär. Durmuşda «Zähmet soňy — rehnet» diýlen bir adalga bar. Hut şonuň ýaly üstünlik hem elbetde, ýalňyşlyklardan, säwliklerden geçilip bina bolýar. Ýalňyşmaýan adam bolmaýar. Hemmeler ýalňyşyp bilýär. Ýalňyşlyklaryň ulusy hem, kiçisi hem ýalňyşlyk. Okuwçynyň ýa talybyň okuw tagtasynda işlän ýalňyş amallaryndan başlap, durmuşda goýberip biläýjek beýleki ýalňyşlyklaryny wagtynda görüp, ony düzedip goýbermek hem mugallymyň esasy borçlarynyň biri. Ýöne talyba ýa-da okuwça ýalňyşany üçin gereginden artyk temmi bermek mugallym üçin ýalňyşlykdyr. Bu barada şeýleräk tymsal bar.

Bir žurnalist işinde uly üstünlik gazanan bir kärhananyň başlygy bilen duşuşýar. Sorag jogabyň bir ýerinde žurnalist: «Üstünligiň syry nämede?» diýip soraýar.

Jogap gysgajyk bolýar: — Iki söz.

— Şol iki söz nämekä?

— Dogry netije.

— Nädip dogry netije çykarmaly?

— Bir söz bilen.

— Ol haýsy söz?

— Tejribe.

— Onuň ýaly bolsa, nädip tejribe toplamaly?

— Iki söz bilen.

— Ol iki söz nämekä?

— Ýalňyş netijeler.

Muhammetgeldi Hangeldiýew.

  • 73
  • 01.06.2019