MAKALA

Biz bagtyýar döwrüň bagtly perzendi!

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň serhet galalarynda gulluk etmek, ýaşamak we işlemek bilen bagly ähli oňaýly şertler döredilýär. Her serhet galada çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler hem barmak basyp sanardan kän. Biz hem bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan jigilerimize: «Saglygyňyzy isleýäris, körpeje serkerdeler!» diýmek bilen, olary 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni bilen mähirli gutlaýarys hem-de zehinlije serhetçileriň durmuşyndan gyzykly pursatlary size hödürleýäris!

 

Harby orkestriň geljekki ýyldyzy

Tagtabazar etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Rahmanguly Rahmankulow aýdym-sazyň ha­ky­ky muş­da­gy. Ol 3 ýa­şyndan bäri aýdym aýdyp, saz çalýar. Häzir onuň 20-ä golaý aýdymy bar. Aýdymçy ýigidimiz aýdym-saz toplumynda, depde saz çalmagam başarýar. Ol bize aýdym-saz toplumynda «Serhetçiniň ogly men» diýen aýdymyny hem ýerine ýetirip berdi. Ýogsa-da, Rahmanguly diňe serhetçiniň däl, serhetçileriň ogly. Ömrüni Watan goragyna bagyşlan ene-atasynyň terbiýesini alan oglanjykda harby gullukça mahsus dogumy duýmak bolýar. Ol aýdym-sazdan daşgary sambo, boks bilen hem meşgullanýandygyny gürrüň berdi. Bize bolsa, diňe «Berekella!» diýip, onuň arkasyna kakaýmak galýar...

 

Serhetçi atanyň meniklije gyzlary

Halkymyzda «Ata kesbi ogla halal» diýilýär. Bu aýtgy gyzlardan hem sowa däl. Çünki ilimizde gyz perzendem «Oglum» diýip söýgülenýär, olar depämiziň täji. Serhet birikmesiniň kinologynyň eýjejik gyzlary Eneşdir Güneş hem serhetçi kakalarynyň görüm-göreldesine eýerýärler. Iki ýaşlyja Güneş wagtynyň köp bölegini itleriň ýanynda geçirýär. Şonuň üçin ol «Otur! Tur!» diýip, serhet galanyň gulluk itlerine dürli buýruklara diýen etdirmegem başarýar.

— Kör­pe­jä­ňiz köp­lenç it­le­riň ýa­nynda bol­sa, diş­lär-eder öý­deň­zok­my? — diýip, gyzjagazlaryň kakasyndan soranymyzda ol: «Ýok, olar meniň gözegçi­li­gim­de ahy­ry. On­so­ňam it — ynsanyň ýakyn dosty. Men gaýta olar bilen dostlugyň gyzjagazlarymda haýwanat dünýäsine söýgi döredip, hemmelere ýardam etmek duýgusyny terbiýeleýändigi üçin guwanýaryn» diýip, buýsanç bilen nygtady.

 

Serkerde doganlar

Pendi ýaýlasynyň golaýynda ýerleşýän serhet birikmesinde saparda wagtymyz iki sany harby lybasly körpejede ünsümiz eglendi. Olar dynç alyş meýdançasynda esgerlere goşgy aýdyp berýärdiler. Körpeler bizi görenlerinden harby salam berdiler. Kiçijik serkerdeler serhet birikmäniň suratçysynyň perzentleri ekeni. Özi hem ady ýaly Şirin gyz alty ýaşynda, Mergenjik bolsa dördüne gidipdir. Dillije körpeler bize-de höwes bilen goşgy aýdyp berdiler.

Asmany arassa, melhem howaly,

Mertlik aýdymydyr ýürek owazy,

Biz bolarys atalaryň dowamy,

Biz bagtyýar, biz — körpeje serhetçi.

Menem olara:

«Siz borsuňyz atalaryň dowamy,

Siz bag­ty­ýar, siz — kör­pe­je ser­hetçi» diýip, öz goşgularynyň äheňinde şadyýan jogap berdim.

 

Kiçijik deňizçi

Biziň ellerine dürbüjigini alyp, deňiz araçäkleriniň asudalygyna gözegçilik edýän «goç ýigidimiz» ýaňy-ýakynda bäş ýaşyny doldurdy. Ol deňiz ýakasyndaky serhet galanyň harby gullukçysynyň ogly Hydyrnazar Kurbanow. Hydyrnazar kiçijigem bolsa, Watan goragynyň mukaddesdigine düşünýär. Şonuň üçin hem gün sypdyrman alabaýynam ýanyna alyp, deňze gidýär. «Ol özüni hakyky Watan goragçysy saýýar. Onuň özüni alyp barşy-da, hereketleri-de agynjak deňizçiňki-dä. Özem geljekde gämi sürmegi arzuw edýär. Ak kagyzdan gaýyjaklary ýasap, deňze goýberýär. Biz ony: «Matros oglum» diýip söýgüleýäris» diýip, onuň ejesi Nurana gelneje gürrüň berdi. Hydyrnazar, bizem seni: «Matros jigimiz» diýip gowy görýäris!

 

Berdaşly oglanjyk

Iş sapary bilen serhet galasyna baranymyzda beden taýýarlygy boýunça tilsimleri ýerine ýetirmekde esgerlerden, serkerdelerden kem galmaýan oglanjygyň bardygyny aýtdylar. Biz dogumlyja körpe bilen tanyşmak isledik. Ol şol pursat hem türgenleşik meýdançasynda eken. Biz onuň çalasyn, çeýe hereketlerini birsalym daşyndan synlap durduk. Edeplije oglan bizi göreninden salam berip, özüni «Men kakamyň ogly» diýip tanyşdyrdy. Bu zehinlije, berdaşly oglanjyk Guwlymaýak şäherçesindäki 6-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nowruz Ýoldaşow. Biz Watan goragçysy kakasynyň göreldesine eýerýän Nowruzyň özüne hem geljekde edermen Watan ogly bolup ýetişmegini tüýs ýürekden arzuw etdik.

 Gülnabat Begenjowa.

  • 256
  • 01.06.2019